6.8k+

Alymlar tigriň nädip oýlanyp tapylandygyny düşündirdiler

Barlagçylar irki adamlaryň ata-babalarynyň ýerde ýatan agaç pürsleri ulanyp, agyr zatlary ondan-oňa geçirip başlandyklaryny çaklaýarlar. Şeýle-de bolsa, bu usulyň tigriň döremegine nädip sebäp bolandygy düşnüksiz bolmagynda galýardy...

5.9k+

Arahnologlar örümçi möýleriň aw awlaýyş usulyna haýran galdylar. Olar  zäher bilen däl-de, ýüpek bilen öldürýärler

Barlagçylar topary örümçi möýleriň (Uloborus plumipes) öz awlaryny adaty bolmadyk usul bilen öldürýändigini anykladylar. Olar köp möýleriň edişi ýaly, çakmak arkaly zäher goýbermeýärler, tersine, pidalarynyň daşyny ýüpek bilen torlaýarlar we sapaklaryny agzyndan çykýan zäherli tüýkülige ezýärler diýip Phys...

3.2k+

Microsoft we Amazon kompaniýalarynyň işgärleri EA sebäpli köpçülikleýin işden çykarylar

Microsoft kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna çykdajylaryň artmagy sebäpli müňlerçe iş ornuny azaltmagy meýilleşdirýär. EA-nyň ýaýramagy sebäpli işgärleri azaltmak barada Amazon kompaniýasy hem habar berdi. Bloomberg-iň çeşmelere salgylanyp ýazmagyna görä, Microsoft-da işden çykarmalaryň uly bölegi satuw bölümleriniň işgärlerine täsir eder...

2.1k+

Filadelfiýada we Dallasda ilkinji Netflix House tematiki toplumlary peýda bolar

Netflix akym hyzmaty ilkinji Netflix House dynç alyş toplumlarynyň 2025-nji ýylyň ahyrynda açyljakdygyny habar berdi. Bu barada The Verge ýazýar. Toplumlar öňki söwda merkezleriniň binalarynda açylar. Olaryň biri Filadelfiýadaky King of Prussia Mall-da, ikinjisi Dallasdaky Galleria Dallas-da ýerleşer...

3k+

Amerikada robot ilkinji gezek ýürek operasiýasyny geçirdi

SS Innovations International kompaniýasy Amerikada ilkinji gezek kardiohirurgiýa üçin SSi Mantra 3 robotizirlenen ulgamynyň ulanylandygyny habar berdi. Operasiýa 2025-nji ýylyň 8-nji iýunynda Guaýakildäki (Ekwador) Interhospital hassahanasynda geçdi...

1.9k+

Maskyň xAI startapy girdeji almak maksady bilen her aý $1 mlrd sarp edýär

Ilon Maskyň xAI startapy her aý 1 mlrd dollar sarp edýär, çünki ösen EA modellerini döretmek üçin çykdajylar kompaniýanyň girdejisinden ýokary bolýar. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Bloomberg habar berýär. Çykdajylary ýapmak üçin xAI karz we paýdarlar kapitaly görnüşinde 9,3 mlrd dollar çekmäge synanyşýar...

4.4k+

Starship-iň prototipi statiki otlaýyş synagynda partlady

SpaceX kompaniýasynyň agyr göteriji raketasynyň ikinji basgançagy bolan Ship 36 kosmos gämisi statiki otlaýyş synagynyň geçirilýän mahaly partlady. Waka SpaceX-iň synag meýdançasynda oturdylan NasaSpaceFlight wideokamerasy tarapyndan ýazga alyndy...

12k+

Messi jerime urgusyndan gol geçirmek boýunça futbolçylaryň üçlügine girdi: öňde Pele bilen Žuninýo bar

ABŞ-da geçirilýän Klublaýyn dünýä çempionatynyň ikinji tapgyrynda “Inter Maýami” Portugaliýanyň “Portu” klubuny 2:1 hasabynda utdy. Bu ýeňiş Lionel Messiniň klubuny FIFA-nyň howandarlygyndaky resmi ýaryşda Ýewropa toparyny utan KONKAKAF-yň (Demirgazyk we Merkezi Amerika futbol konfederasiýasy) ilkinji wekili etdi diýip, Statsdufoot habar berýär...

3.9k+

Britaniýaly lukmanlar bagyr çişini ultrases bilen bejerip başlar

Beýik Britaniýanyň Saglygy goraýyş ulgamynda (NHS) fokusirlenen ultrasesiň (HIFU) kömegi bilen bagyr çişlerini bejermegiň täze usuly resmi taýdan tassyklandy. Bu tehnologiýa çişleri hirurgiýanyň, himioterapiýanyň ýa-da şöhläniň gatyşygy bolmazdan, ultrases tolkunlary bilen ýok etmäge mümkinçilik berýär diýip, Medscape  neşiri ýazýar...

4.8k+

BMG Ýeriň pes orbitasynda näçeräk hemranyň bardygyny habar berdi

Ýeriň ilkinji emeli hemrasy 1957-nji ýylda Sowet Soýuzy tarapyndan uçuryldy. Şondan bäri Ýere ýakyn orbitadaky hemralaryň sany ýylsaýyn artýar. Soňky ýyllarda ösüş depgini ep-esli çaltlaşdy. Bu, ilkinji nobatda, ýokary tizlikli giň zolakly internet üçin hemra ýyldyzlarynyň döredilmegi bilen baglanyşykly...

4.6k+

Alymlar Günorta ummanda ýaşaýşyň ozal näbelli görnüşlerini tapdylar

Halkara alymlar topary Günorta Atlantikadaky Günorta Sandwiç adalarynyň golaýynda ozal bardygy belli bolmadyk özboluşly ekoulgamy tapdy. Şmidt adyndaky Umman institutynyň Falkor gämisinde Ýeriň iň alys künjündäki adalar zynjyrynyň birine guralan çuň deňiz ekspedisiýasy 35 gün dowam etdi diýip, Science Alert habar berýär...

3.4k+

Hytaýda rekord täzelenme ýygylygy bolan oýun monitory döredildi

Hytaýly öndüriji HKC dünýäde ilkinji bolup 800 Gs täzelenme ýygylygy bolan oýun monitoryny hödürledi. Kompaniýa miniLED yşyklandyryşy we kwant nokat tehnologiýasy bilen FSA VA matrisasyny ulanypdyr. «ITHome» portalynyň habaryna görä, mundan ozal TN panellerde ýetilen iň ýokary täzelenme ýygylygy 750 Gs, OLED panellerde bolsa 720 Gs-dir...

8.1k+

Alymlar Ýeriň 2700 km çuňlugynda nämeleriň bolup geçýändigini anykladylar

Alymlar Ýeriň mantiýasy bilen ýadrosynyň araçäginde ýerleşýän, D" gatlagy diýlip atlandyrylýan syrly sebitiň nämedigini düşündirdiler. Bu gatlak, takmynan, 2700 km çuňlukda ýerleşýär. Şol ýerde ýertitremelerden döreýän seýsmiki tolkunlar garaşylmadyk ýagdaýda tizlenip başlaýar...

2.1k+

Intel iýul aýynda çip öndürýän işgärleriniň 20 göterimini azaldar

Intel iýul aýynda Intel Foundry önümçilik bölüminde işleýän işgärleriniň 15% - 20%-ni işden çykarmagy meýilleşdirýär, käbir çaklamalara görä, bu 10 müňden gowrak adam bolup biler. Bu baradaky maglumat önümçiligiň wise-prezidenti  Nagi Çandrasekaranyň adyndan täze içerki korporatiw ýaýradylan hatda berilýär diýip, OregonLive habar berýär...

4.6k+

Napoleon Bonapartyň şahsy goşlary Sotheby’s auksionynda satylar

25-nji iýunda Sotheby’s auksionynda imperator Napoleon Bonapartyň goşlary satylar. Auksiona Pýer-Žan Şalansonyň şahsy kolleksiýasyndan taryhy predmetler çykarylar. Auksiondan öň dizaýner Žan-Şarl de Kastelbažak fransuz hökümdaryna bagyşlanan özboluşly sergini geçirer...

4.5k+

Angliýanyň Premýer-ligasy täze möwsüm üçin senenamany hödürledi

Angliýanyň Premýer-ligasy resmi saýtynda 2025/2026 möwsümi üçin oýunlaryň tertibini hödürledi. Birinji tapgyr 2025-nji ýylyň 16-njy awgustyna geçilýän gije başlar – Angliýanyň häzirki çempiony “Liwerpul” öz meýdançasynda “Bornmuty” kabul eder...

3.7k+

NBA-nyň “Los-Anjeles Leýkers” kluby sport taryhynda rekord mukdara satylar

Milli basketbol assosiasiýasynyň (NBA) “Los-Anjeles Leýkers” klubuna eýeçilik edýän Bass maşgalasy topary 10 mlrd dollara satar. Bu barada çeşmä salgylanyp, ESPN habar berýär. Klubuň paýnamalarynyň gözegçilik bukjasy 2021-nji ýyldan bäri toparyň paýnamalarynyň az bölegine eýeçilik edýän TWG Global kompaniýasynyň baş direktory Mark Uoltere geçer...

3.5k+

Serdar Berdimuhamedow Palestinanyň täze bellenen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

19-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Rana Abu Hijlehiden ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak däplerine esaslanýar...

8.1k+

Gökderede ýetginjekleriň arasynda ýangyn-amaly sport bäsleşigi geçirildi

Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan ýetginjekleriň arasynda ýangyn-amaly sport bäsleşigi geçirildi. «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş merkezinde geçirilen bäsleşige toparlaryň 14-si gatnaşyp, olar ýangyna garşy göreşmek boýunça ukyplaryny bäş tapgyrda görkezdiler...

4k+

Meta akylly äýnekleri döretmekde Prada moda öýüni işe çekdi

Meta kompaniýasy Prada italýan moda brendi bilen hyzmatdaşlykda emeli aň funksiýalary bilen akylly äýnekleri işläp taýýarlaýar. Gurluşyň çykjak senesi heniz belli däl. Taslama Meta-nyň tehnologiýalary moda pudagyna ornaşdyrmak strategiýasynyň bir bölegidir...

4.8k+

Türkmenistan Parižde Halkara sergiler býurosynyň mejlisine gatnaşdy

17-nji iýunda Parižde Halkara sergiler býurosynyň (BIE) agza ýurtlarynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Guramanyň Baş Assambleýasynyň 176-njy sessiýasy geçirildi. Mejlisiň gün tertibine halkara we ýöriteleşdirilen sergileri geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi...

6.6k+

Kosmosda emeli Gün tutulmasynyň ilkinji suraty iberildi

Ýewropa kosmos agentligi Proba-3 missiýasyndan alnan, Ýeriň orbitasynda döredilen emeli Gün tutulmasyny görkezýän ilkinji suraty çap etdi. Proba-3 missiýasy 2024-nji ýylyň dekabrynda başlandy. Onuň maksady – Gün koronasyny, ýagny ýyldyzyň atmosferasynyň daşky we iň yssy gatlagyny öwrenmek...