Fizikler Älemiň geljegini çaklamak üçin matematiki enjam döretdi

  • 06.09.2025 17:40
  • 3.9k+

Moskwanyň fiziki-tehniki institutyndan (MFTI) rus fizik-teoretikleri Älemimiziň geljegini çaklamak üçin täze matematiki gural döretdi. Ol kosmos masştabynda kwant meýdanlarynyň özüni nähili alyp barýandygyny beýan edýär we Äleme giňelmek şertlerinde nämäniň garaşýandygyna düşünmäge kömek eder.

“Biziň işimiziň esasy pursaty haýsy kwant prosesleriniň möhüm, haýsysynyň möhüm däldigine düşünmekdi” – diýip, MFTI-niň kiçi ylmy işgäri Damir Sadekow belledi.

Geçen asyryň ahyrynda astronomlar Älemiň diňe bir ulalman, eýsem barha çalt giňelýändigini anyklady. Munuň sebäbi tebigaty häzire çenli alymlar üçin syr bolup galýan garaňky energiýa hasaplanýar. Adatça, onuň aýratynlyklaryny kwant mehanikasynyň täsirini göz öňünde tutmaýan ýönekeý matematiki model bilen beýan edýärler.
Täze model giňelýän Älemde kwant meýdanlarynyň ykbalyny yzarlamaga mümkinçilik berýär. Alymlar Älemiň ýaşynyň ulalmagy bilen, kwant effektleriniň has güýçli ýüze çykýandygyny anyklady. Bu wakuumyň durnukly gurşaw däldigini, onuň aýratynlyklarynyň bolsa kwant täsirleriniň netijesinde üýtgeýändigini aňladýar. Şeýlelikde, garaňky energiýanyň syn edilen aýratynlyklary – bu hemişelik ululyk däl-de, wakuumyň uzak ewolýusiýasynyň netijesi bolsa gerek. Diýmek, kosmosyň geljegi hem “kesgitlenen parametre” däl-de, kwant wakuumyň ewolýusiýasyna bagly bolup biler.


şu gün 10:53
1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....