Meta 15 ýyldan soň ilkinji gezek iPad üçin doly derejeli Instagram çykardy

  • 06.09.2025 17:34
  • 1.5k+

Meta kompaniýasy iPadOS üçin resmi taýdan Instagram programmasyny çykardy. Ol eýýäm App Store-da ýüklemek üçin elýeterlidir. Ozal Apple planşetlerini ulanyjylar sosial ulgamyň diňe iPhone üçin çykarylan wersiýasyndan peýdalanýardy, bu hem 2010-njy ýylda ilkinji iPad çykaly bäri ony ulanmakda amatsyzlyk döredipdi.

9to5Mac-yň maglumatlaryna görä, programma dynç alyş kontentine üns bermek bilen uly ekranlar üçin doly gaýtadan işlendi. Programma işe girizilende ulanyjy derrew Reels bölümine düşýär we bu ýerde wertikal wideolara tomaşa etmek has oňaýly. Storisler we messenjer interfeýsiň ýokarky böleginde ýerleşdirildi, çatlara bolsa bir gezek basmak arkaly geçip bolýar.
Täze wersiýada “Ýazylyşyk” bölüminde üç lenta: “Hemmesi” (teklip edilen publikasiýalar we yzarlanýan akkauntlardan Reels), “Dostlar” (özara agza bolanlaryň kontenti) we “Soňkular” (soňky publikasiýalar) bar. Ulanyjy öz islegine görä bu lentalaryň görkeziliş tertibini sazlap biler.
Şahsy habarlar we habarnamalar bilen işlemek üçin köp sütünli maket göz öňünde tutuldy. Indi bir wagtyň özünde çatlaryň sanawyny we söhbetleri görmek bolýar.
iPad üçin Instagram-yň çykmagy birnäçe aý mundan ozal resmi WhatsApp programmasy çykarylandan soň Meta-nyň ikinji uly relizi boldy. 


düýn 21:09
464

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

19.06.2026 19:38
601

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....