Hytaýda bedeniň ýylylygyndan elektrik energiýasyny öndürýän rezin döredildi

  • 05.09.2025 16:58
  • 5.5k+

Pekin uniwersitetiniň barlagçylary adam bedeniniň ýylylygyny elektrik energiýasyna öwürýän rezin materialy işläp taýýarladylar diýip, South China Morning Post habar berýär.

Täze tehnologiýa termoelektrik ýörelgelerine esaslanýar: bedeniň (37° C töweregi) we daşky gurşawyň (20–30 ° C) arasyndaky temperatura tapawudy elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berýär.
Alymlaryň düşündirişine görä, esasy element ýarymgeçiriji polimerleriň we elastik reziniň garyndysy bolan gibrid gurluşdyr. Gurlan nanosüýümleriň ulgamy, ýokary elektrik geçirijiligini saklamak bilen, materialy berk we sozulagan edýär.
Işläp taýýarlama amaly taýdan ulanmak üçin mümkinçilikleri açýar. Bu material smart-sagatlara awtomatiki usulda zarýad bermek ýa-da elektrik togunyň elýeter bolmadyk uzak sebitlerinde enjamlary işletmek üçin ulanylyp bilner. Mundan başga-da, barlagçylar tehnologiýany dokma pudagyna ornaşdyrmak barada hem pikir edýärler: ol egin-eşige oturdylmak bilen telefona zarýad berip ýa-da bedeniň gyzgynlygyny kadalaşdyryp biler.
Täze material lukmançylykda hem peýdaly bolup biler. Mysal üçin, häzirki wagtda ýürek-damar ulgamy gözden geçirilende hassalar bir hepdeläp ýörite elektron enjamlary geýip gezmeli bolýarlar, çeýe termoelektrik rezini ulanmak bolsa şeýle amallary has amatly eder.


şu gün 11:15
691

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

şu gün 08:18
825

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

şu gün 07:37
1.7k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 12:29
1.2k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......