Türkmenistan CAFA Milletler Kubogynda Omandan utuldy

  • 06.09.2025 12:53
  • 9.5k+

5-nji sentýabrda Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň Milletler kubogynyň (CAFA Nations Cup) toparlaýyn tapgyrynyň üçünji oýnunda Omandan utuldy. Daşkentdäki “Jar” stadionynda geçirilen oýun Omanyň futbolçylarynyň peýdasyna 1:2 hasabynda tamamlandy.

Aýgytly pursatlar oýnuň başynda we ahyrynda boldy. 12-nji minutda türkmen toparynyň derwezebany Rüstem Ahallyýew topy öz derwezesine girizdi. 51-nji minutda ýaňy meýdança çykan Welmyrat Ballakowyň topy geçirmeginde Arzuwguly Sapargulyýew deňagramlylygy dikeltdi. Toparlaryň ikisi-de oýny täzelemek üçin oýunçy çalyşmak mümkinçiliginden doly peýdalandy. Türkmenistan öňe çykmaga çalyşdy, ýöne Omanyň goragy ygtybarly boldy. 90-njy minutda Oman toparynyň hüjümçisi Muhsen Al-Gassani gutarnykly hasaby kesgitläp – 1:2, öz toparyna üç utuk getirdi.
“A” toparçanyň başga bir oýnunda Özbegistanyň ýygyndysy Gyrgyzystany 4:0 hasabynda utup, finala çykdy.
Toparlaýyn tapgyryň netijesi boýunça Özbegistan we Oman 7 utuk gazandy, ýöne geçirilen we sypdyrylan gollaryň tapawudy boýunça, toparçada birinji orny özbek futbolçylary eýeleýär. Finalda olar kubok ugrunda “B” toparçanyň öňdebaryjysy – Eýranyň milli ýygyndysy bilen oýnar. Bürünç ugrunda Oman bilen Hindistanyň milli toparlary bäsleşer.
Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň milli ýygyndylary 1 utuk gazanyp, medal ugrunda göreşi tamamlady.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......