Toyota Ýewropada täze elektromobil çykaryp başlar

  • 06.09.2025 16:58
  • 3.8k+

Toyota Motor Europe Çehiýanyň Kolin şäherindäki Toyota Motor Manufacturing Czech Republic (TMMCZ) zawodynda täze elektromobiliň yzygiderli önümçiligine başlanjakdygyny habar berdi. Bu markanyň Ýewropada çykarylýan ilkinji doly elektrik awtomobili bolar.

Çözgüt barada Çehiýanyň hökümetiniň rezidensiýasynda geçirilen duşuşykda premýer-ministr Petr Fiala, senagat ministri Lukaş Wlçek we Toyota Motor Europe-yň prezidenti Ýosihiro Nakada aýtdy.
Toyota önümçilige taýýarlyk görmek üçin TMMCZ zawodynyň giňeldilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna, takmynan, 680 million ýewro maýa goýar. Zawodyň meýdany 152 000-den 173 000 inedördül metre çenli ulaldylar, täze kebşirleme we boýama sehleri hem-de batareýa ýygnamak üçin hatar gurlar. Çeh hökümeti akkumulýator önümçiliginiň döredilmegine 64 mln ýewro bölüp berer.
Häzirlikçe elektromobiliň haçan çykarylyp başlanjakdygy we modeliň aýratynlyklary barada maglumat ýok, ähtimal, ol ykjam krossower bolup biler. Önümçiligiň 2028-nji ýylda başlamagyna garaşylýar.
Häzirki wagtda TMMCZ zawody ýylda 220 000 töweregi Aygo X we Yaris Hybrid ulaglaryny çykarýar. Elektromobiliň peýda bolmagy zawodyň önümçilik mümkinçiliklerini giňeldip, täze iş orunlaryny döreder.
Kolindäki zawod 2002-nji ýyldan bäri işleýär we eýýäm 4,5 milliondan gowrak awtomobil çykardy. Onda 3,2 müň töweregi işgär zähmet çekýär. 2024-nji ýyldan bäri bu ýerde Germaniýada, Awstriýada, Polşada, Slowakiýada, Wengriýada we Çehiýada dilerlere hyzmat edýän Toyota-nyň Ýewropadaky ilkinji logistika mega-merkezi hereket edýär.


düýn 21:54
2.7k+

Toyota kompaniýasy Crown hatarynyň üç modeliniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen......

27.06.2026 09:56
2.6k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 18:36
4.6k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......