Toyota Corolla, Yaris we RAV4 iň ygtybarly gibrid ulaglar boldy

  • 06.09.2025 17:39
  • 5.8k+

Beýik Britaniýada Warranty Solutions Group (WSG) tarapyndan geçirilen gözleg Toyota-nyň iň ygtybarly gibrid ulag öndürijisidigini görkezdi. Gözlegde soňky 12 aýda 20 sany ulanylan meşhur gibrid modeller alnyp, kepillik boýunça müňlerçe ýüz tutmalar seljerildi.

Netijede, Toyota Corolla, Yaris we RAV4-de bellibir döwürde 1000 işjeň müşderiden ulaga bildirilen nägilelikleriň sanyny görkezýän claim rate görkezijisi pes bolup çykdy.
Toyota Corolla reýtingde birinji orny eýeledi: claim rate bary-ýogy 1,32%, bejermegiň ortaça bahasy 80 funt sterling boldy. Ikinji orunda 1,69% claim rate görkezijisi we 462 funt ortaça abatlaýyş bilen Yaris Hybrid ýerleşýär. RAV4 Hybrid-de hem claim rate görkezijisi şeýle, ýöne ortaça abatlaýyş bahasy ýokary – 750 funt.
Ygtybarsyz ulaglaryň hataryna Range Rover we BMW X5 girdi: claim rate 18,65% we 13,21% boldy, ortaça abatlaýyş bahasy – 1100 funtdan gowrak.
Gibrid ulaglarda ýygy-ýygydan – 3,89% ýagdaýda batareýalar bilen bagly näsazlyklar ýüze çykýar, ortaça abatlaýyş 260 funt sterlinge düşýär. Generatorlaryň (1763 funt) we maglumat-dynç alyş ulgamlarynyň (1809 funt) döwülmegi seýrek ýüze çykýar, ýöne olary bejermek hem gymmat bolýar. 


düýn 21:15
1.9k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....