US Open – 2025-iň finalynda Arina Sobolenko we Amanda Anisimowa oýnar

  • 05.09.2025 16:00
  • 3.2k+

Nýu-Ýorkuň hard kortunda US Open-2025 “Uly tuwulga” ýaryşynyň finalçylary kesgitlendi. Aýgytly oýunda titul üçin Belarusdan dünýäniň birinji raketkasy Arina Sobolenko we WTA reýtinginde dokuzynjy orny eýeleýän amerikaly Amanda Anisimowa göreşer.

Final oýny 7-nji sentýabra geçilýän gije Aşgabat wagty bilen 01:00-da bolar.
Ýarym finalda Sobolenko ABŞ-dan dünýäniň dördünji raketkasy Jessika Pegulany 4:6, 6:3, 6:4 hasabynda utdy. Anisimowa üç set dowam eden oýunda WTA reýtinginde 24-nji belgili ýaponiýaly Naomi Osakadan 6:7 (4:7), 7:6 (7:3), 6:3 hasabynda üstün çykdy.
Sobolenko US Open-iň häzirki ýeňijisidir.


06.06.2026 11:31
3.1k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......