Täze Mercedes-Benz GLC brendiň taryhynda iň uly displeýe eýe boldy

  • 06.09.2025 17:44
  • 9k+

Mercedes-Benz kompaniýasy täze nesil GLC krossoweriniň interýeri barada käbir maglumatlary berdi.

Ulagyň esasy täzelikleriniň biri diagonaly 39,1 dýuým bolan Hyperscreen displeýi boldy – bu brendiň taryhynda iň uly displeýdir.
Ýokary durulykdaky displeý müňlerçe aýry-aýry yşyk diodlaryna esaslanýan matrisa ýagtylandyryşy bilen üpjün edildi. Şonuň netijesinde ekranda iki zolagyň ýagtylygyny garaşsyz sazlap – bir bölegi has ýagty, beýlekisini garaňkyrak edip bolýar. Interýeriň atmosfera yşyklandyryşynyň we dolandyryş elementleriniň stili ekrandaky fon suraty bilen sazlaşar.
Öňdäki panel merkezi konsol bilen birleşdirildi. Soňkusy simsiz zarýad üçin iki zolagy ýa-da goşmaça funksiýalary dolandyrmak üçin düwmeli pulty öz içine alyp biler. Bu saýlanan wersiýa bagly bolar. Interýerde gapy dinamikleriniň metal bezegi we adaptiw yşyklandyryş göz öňünde tutuldy.
Ulag elektrik tirkegine geçiriler. Galan maglumatlar Mýunhendäki awtosalonda görkezilenden soň belli bolar. 


20.06.2026 12:20
3.5k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....