Sinner we Alkaras US Open-iň tituly we dünýäniň birinji raketkasy ady ugrunda göreşer

  • 06.09.2025 16:38
  • 2k+

US Open-iň final oýnunda dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner bilen ATP reýtinginde ikinji orny eýeleýän ispaniýaly Karlos Alkaras duşuşar. Bu olaryň şu möwsümde “Uly tuwulga” ýaryşlarynda yzygider üçünji finaly bolar we onda diňe ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň çempiony däl, eýsem dünýäniň birinji raketkasy-da kesgitlener.

Ýarym finalda Alkaras Nowak Jokowiçi 6:4, 7:6 (7:4), 6:2 hasabynda utdy. Oýun 2 sagat 26 minut dowam etdi. Alkaras agressiw we durnukly hereket edip, Jokowiçe hatda bir setde-de utmaga mümkinçilik bermedi. Serbiýaly türgen egni bilen bagly näsazlyk sebäpli lukmançylyk arakesmesini aldy we ähli tagallalaryna garamazdan, garşydaşyndan üstün gelip bilmedi. Ýöne Jokowiç bilen şahsy duşuşyklarda Alkaras 4:5 hasabynda yza galýar.
Sinner ýarym finalda Feliks Ože-Alýassim bilen duşuşdy we dört setde utdy – 6:1, 3:6, 6:3, 6:4. Oýun 3 sagat 19 minut dowam etdi.
22 ýaşly Alkarasyň “Uly tuwulga” ýaryşlarynda bäş tituly, şol sanda 2022-nji ýylda US Open-de ýeňşi bar.
24 ýaşly Sinner ozal iki gezek Australin Open-de (2024, 2025), US Open-de (2024) we “Wimbledonda” (2025) ýeňiş gazandy.
Ozal olar iki gezek finalda duşuşdy – “Rolan Garrosda” Alkaras, “Uimbledonda” bolsa Sinner utupdy.
Final 7-nji sentýabrda Artur Eş kortunda Aşgabat wagty bilen 23:00-da bolar. Ýaryşyň umumy baýrak gaznasy 90 mln dollara barabar.


şu gün 11:31
1.9k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......