Gimalaý buzluklary her ýyl millionlarça Olimpiýa basseýnine barabar buz ýitirýär

  • 05.09.2025 16:55
  • 7.7k+

Aziýanyň beýik daglaryndaky buzluklar çalt azalýar: her ýyl 22 gigatonnadan gowrak buz ýitip gidýär, bu dokuz million Olimpiýa basseýnine deňdir. Şeýle deňeşdirme Ýuta uniwersitetiniň we Wirjiniýa Tehnologiýalar institutynyň täze barlagynda getirilýär.

Alymlar eremekligiň tizligine diňe bir global maýlamaklyk däl, eýsem möwsümleýin howa şertleriniň üýtgemeginiň hem täsir edýändigini anykladylar. Derňew üçin olar NASA-nyň GRACE we GRACE-FO hemralarynyň Ýeriň dartyş güýji boýunça suw massasynyň üýtgemelerini ýazga geçirmäge ukyply maglumatlary ulandylar.
Merkezi, Günbatar we Gündogar Gimalaý daglary bu ýagdaýa has-da ýykgyn edýär. Mussonlaryň wagty we intensiwligi üýtgese, bu buzuň ýitmegini tizleşdirer we sebitdäki millionlarça adamy suwsuz goýmak howpuny döreder diýip, Ýuta uniwersitetiniň dosenti we barlagyň esasy awtory Sonam Şerpa aýtdy.
“Üçünji polýus” diýilýäni Arktikanyň we Antarktidanyň daşyndaky buzluk doňaklyklaryň iň uly ätiýaçlyklaryny öz içine alýar. Bu buzluklar derýalary we kölleri suwlulandyrýar, Günorta we Merkezi Aziýada 1,4 milliarddan gowrak adama süýji suw berýär. Maýlama ygalyň düşüşişiniň deňagramlylygyny bozýar: garyň bir bölegi ýagyş bilen çalyşýar, bu bolsa eremegiň çaltlaşmagyna sebäp bolýar.
Alymlar durnuksyz buzluklaryň diňe uzak möhlet üçin howply bolmak bilen çäklenmeýändigini bellediler. Çalt eremek ilatly ýerlerde suw joşmalarynyň, süýşgünleriň we heläkçilikleriň ýüze çykmak howpuny ýokarlandyrýar.
Proceedings of the National Academy of Sciences neşirinde çap edilen barlagyň netijesine görä, 1993-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli dünýä ummanynyň derejesi 90 millimetr ýokarlandy, onuň takmynan 60 göterimi Grenlandiýadaky buzlaryň we dünýädäki dag buzluklarynyň eremeginden ýaňa umman suwunyň köpelmegi bilen baglanyşyklydyr.


14.06.2026 15:16
4.2k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.7k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......