Erik Tramp American Bitcoin-iň paýnamalarynyň ösmegi netijesinde milliarder boldy

  • 06.09.2025 16:32
  • 7.9k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ogly, telekeçi we haýyr-sahawatçy Erik Tramp milliarder boldy. Bu American Bitcoin kriptowalýuta kompaniýasy NASDAQ biržasyna çykandan soň bolup geçdi diýip, Forbes habar berýär.

3-nji sentýabrda söwda başlandan soň kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy iki esse ýokarlandy. Kompaniýanyň bazar bahasy 7,3 mlrd dollara ýetdi.
KHBS-iň maglumatlaryna görä, Erik Trampa we Donald Tramp-kiçä American Bitcoin-iň paýnamalarynyň 20%-i degişli. Ösüşiň iň ýokary derejesinde olaryň paýlarynyň bahasy 2,6 mlrd dollar boldy, şol bir wagtyň özünde Erik Trampyň paýy 1 mlrd dollara golaýlady diýip, Reuters ýazýar. Soňra paýnamalaryň bahasy peseldi, ýöne doganlaryň paý bukjasynyň bahasy 1,5 mlrd dollar derejesinde galdy.
Trampyň tutuş maşgalasy kriptowalýuta taslamalaryny işjeň ösdürýär. 1-nji sentýabrda biržalarda olar tarapyndan çykarylan WLFI tokenleri satylyp başlandy. Söwda başlandan soň, maşgalanyň baýlygy 5 mlrd dollar artdy.
The Wall Street Journal gazetiniň habar bermegine görä, Donald Tramp bir günde kriptowalýutanyň üsti bilen tutuş ömründe emläk şertnamalarynda gazananyndan has köp gazandy. 


02.06.2026 12:03
11k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.2k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

09.04.2026 14:41
4.6k+

NYT-nyň derňewi: bitkoini döreden - kriptograf Adam Bek

Satoşi Nakamoto lakamyny ulanyp, özüniň hakyky adyny tanytman gelýän, bitkoiniň döredijisi diýlip hasaplanýan adam meşhur britan kriptografy we Blockstream kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Adam Bekdir......