Prada täze Couleur Vivante şaý-sepler toplumyny satuwa çykarar

  • 05.09.2025 17:24
  • 3.3k+

Prada brendi täze Couleur Vivante şaý-sepler toplumynyň satuwa çykarylýandygyny habar berdi. Ol oktýabr aýynda satuwa çykar.

Ýygyndyda ametistlerden, akwamarinlerden, hrizolitlerden, gülgüne morganitlerden we madeýra sitrininden ýasalan gulakhalkalar, ýüzükler, bilezikler we monjuklar bar.
Mahabat kampaniýasyny suratçy Dewid Sims surata düşürdi. Aktrisa we aýdymçy Maýýa Houk (Uma Turmanyň we Itan Houkyň gyzy), günorta koreýaly aktrisa Kim Theri we ABŞ-nyň prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasynda çykyş eden iň ýaş şahyr hökmünde tanalýan aktiwist Amanda Gorman onuň ýüzi boldy.

Ýygyndydaky her bir önüm Aura Consortium Blockchain platformasynda görkeziler, onda alyjylar şaý-sepleriň hakykylygyny we daşlaryň gelip çykyşyny barlap bilerler. Şeýle hem her bir daş öňdebaryjy garaşsyz gemmologiki barlaghanadan berlen baha beriş şahadatnamasy bilen geler.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....