BMW täze iX3 krossowerini  - Neue Klasse maşgalasyndaky ilkinji modeli görkezdi

  • 06.09.2025 15:01
  • 3.6k+

Mýunhen awtoulag sergisiniň öňüsyrasynda BMW Neue Klasse hataryndaky ilkinji model bolan iX3 elektrik krossoweriniň täze neslini görkezdi. Satuwlar 2026-njy ýylyň ýazynda başlar.

Model täzelenen dizaýn, täze multimediýa mümkinçilikleri bolan salon gurluşyny we 805 km aralyga çenli ýol geçmäge mümkinçilik berýän batareýany aldy. Zarýad bermek 30% çaltlaşdy: batareýa 21 minutda 10%-den 80%-e çenli dolýar we 10 minutda bolsa 372 km aralyga ýetýän energiýany alyp bolýar.
Krossower 108,7 kilowat batareýa we 469 at güýçli hem-de 635 Nm kuwwatly güýç gurluşy bilen enjamlaşdyrylandyr. 100 km / sag tizlige 4,9 sekuntda çykýar, iň ýokary tizligi sagatda 210 km. Biraz soň bolsa, BMW M wersiýalaryny hem goşmak bilen, beýleki modifikasiýalarynyň çykmagyna garaşylýar.

Esasy tehnologiki täzelik dört sany hasaplaýyş moduly - hereketi, howpsuzlyk ulgamlaryny we multimediýany dolandyrýan “super beýniler” boldy. Täze BMW eDrive-yň altynjy nesliniň toplumy öňküsinden 40% netijeli we 10% ýeňildir.
Interýeri konsepte ýakyn: uly Panoramic iDrive ekrany alyn aýnanyň tutuş aşaky bölegini tutýar, goşmaça proýeksiýa ekrany hem bar. Ses dolandyryşy we üçünji tarap programmalary üçin goldaw göz öňünde tutulan.
Esasy bukjada 20 dýuýmlyk diskalar, goşa zolakly howa gözegçilik we simsiz zarýad beriş bar. Opsiýalara uýgunlaşdyrylan optika, Harman Kardon ses ulgamy we panoramik üçek girýär.
Satuwlar ilki Ýewropada başlar. 2026-njy ýylyň tomsunda iX3 ABŞ-da peýda bolar, Hytaý üçin bolsa uzaldylan görnüşi çykar. 2027-nji ýyla çenli iX3 tehnologiýalary BMW-niň onlarça modelinde ulanylar.





01.06.2026 10:57
2.8k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.4k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......