Türkmenistanyň Prezidenti «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady

  • 06.09.2025 13:15
  • 4.3k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara gutlagyny iberdi.

 

Döwlet Baştutany gatnaşyjylara ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeleri, ýurdumyzyň dünýä bileleşigindäki belent at-abraýyny, ajaýyp döwrümizi, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny joşgunly wasp edýän kämil aýdym-sazlary döretmekde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.
Serdar Berdimuhamedow «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyň we çykyş etmegiň aýdymçylar üçin uly bagtdygyny,  ýatdan çykmajak şatlykly wakalaryň biridigini belleýär.

"Höwesjeň aýdymçy ýaşlarymyzyň geljekde ýüreklere ylham berýän, ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän döwrebap aýdym-sazlary has-da joşgunly ýerine ýetirjekdiklerine, milli sungatymyzyň ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna berk ynanýaryn" diýip, döwlet Baştutany belleýär.

5-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, zehinli aýdymçylar Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwlet derejesinde geçirilýän jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bu telebäsleşigiň jemleýji tapgyryny “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde geçirmek meýilleşdirilýär.

 


düýn 00:03
3.1k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......