Android-de smartfona Wi-Fi ýa-da Bluetooth arkaly hüjüm etmäge mümkinçilik berýän kemçilik aýryldy

  • 06.09.2025 15:44
  • 3.5k+

Google Android üçin sentýabrdaky howpsuzlyk täzelenmesini çykardy we onda 111 gowşaklyk düzedildi. Olardan 84-üsi operasion ulgam, 27-isi Qualcomm önümleri bilen baglanyşykly diýip, BleepingComputer habar berýär.

Aýrylan gowşaklyklaryň ikisi eýýäm hüjümçiler tarapyndan ulanyldy. Android ýadrosyndaky CVE-2025-38352 ýalňyşlygy POSIX CPU taýmerleriniň işindäki bökdençlik sebäpli hüjüm edýäne öz hukugyny artdyrmaga mümkinçilik berýärdi. Android Runtime-däki başga bir gowşaklyk – CVE-2025-48543 bolsa zyýanly programmalara goragy aldamaga we ulgam funksiýalaryna elýeterli bolmaga mümkinçilik berýärdi.
Mundan başga-da, täzelenme dört sany howply näsazlygy düzetdi. Olardan has howplusy (CVE-2025-48539) Wi-Fi ýa-da Bluetooth zolagynyň çäginde hüjüm edýäne ulanyjy gatnaşmazdan gurluşda kody işe girizmäge mümkinçilik berýärdi. Ýene üç gowşaklyk Qualcomm komponentlerine degişli bolup, ýadyň zaýalanmagyna we modem derejesinde koduň ýerine ýetirilmegine getirip biljek maglumatlary gaýtadan işlemek ýalňyşlyklary bilen baglanyşyklydy.
Täzelenme Android 13 we ondan täze ulgamlara eýe bolan gurluşlara ýaýraýar. Ony gurnamak üçin “Sazlamalar” → “Ulgam” → “Programma üpjünçiliginiň täzelenmesi” bölümini açmaly. Android 12-de we has köne wersiýalarda işleýän gurluşlaryň eýelerine täze modellere geçmek ýa-da aktual patçlar bilen programma üpjünçiligini ulanmak maslahat berilýär.
MediaTek aýratyn býulleten taýýarlady, Samsung kompaniýasy bolsa flagman gurluşlar üçin öz täzelenmesini çykardy.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

05.05.2026 15:24
993

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....