59 ýaşly Maýk Taýson 48 ýaşly Floýd Meýwezer bilen söweşi yglan etdi

  • 06.09.2025 17:42
  • 20k+

Boks boýunça öňki absolýut dünýä çempiony Maýk Taýson X sosial ulgamynda bäş agram derejesinde öňki dünýä çempiony Floýd Meýwezer bilen geljekki söweşi yglan etdi.

Söweşiň geçiriljek ýeri we senesi barada entek maglumat ýok.
Taýson diňe “Tiz wagtdan” diýip, posta wakanyň afişa suratyny goşdy.
Taýson 59 ýaşynda. Ol karýerasynyň dowamynda 59 söweşe gatnaşyp, 50 ýeňiş gazandy, olardan 44-üsi – nokaut bilen. Şeýle-de, ýedi gezek ýeňlişe sezewar boldy, iki söweş hem geçirilmedik diýlip hasaplandy.
Meýwezer 48 ýaşynda. Onuň hasabynda 50 ýeňiş bolup, ýekeje-de ýeňliş ýok. 


30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....