Günorta Amerikadan DÇ-2026 üçin göni ýollama alan toparlaryň ählisi belli boldy

  • 05.09.2025 18:45
  • 14k+

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin Günorta Amerikanyň saýlama ýaryşynyň gutarmagyna bir tapgyr galanda gönüden-göni dünýä çempionatyna gatnaşjak alty toparyň ählisi belli boldy. Göni ýollamany Argentinanyň (38 utuk), Braziliýanyň (28), Urugwaýyň (27), Ekwadoryň (26), Kolumbiýanyň (25) we Paragwaýyň (25) milli ýygyndylary aldy.

5-nji sentýabrda tamamlanan tapgyryň jemi boýunça, KONMEBOL-dan çempionata birbada üç milli ýygyndy çykdy, 5 oýnuň 4-üsi ýer eýeleriniň peýdasyna birmeňzeş hasap bilen tamamlandy. Urugwaý öz meýdançasynda Peruwy (3:0), Kolumbiýa Boliwiýany (3:0) utdy. Diňe Paragwaý bilen Ekwador gol geçirmedi (0:0), ýöne netije iki toparyň-da çempionata möhletinden ir çykmagy üçin ýeterlik boldy.
Argentina hem Wenesuelany 3:0 hasabynda utdy. Lionel Messi iki gol geçirdi, ýene bir goly Lautaro Martines girizdi. Bu oýna aýratyn üns berildi, çünki duşuşyk Messi üçin milli toparyň düzüminde soňky öý oýny bolup biler.
Braziliýa öz oýnunda Çilini 3:0 hasabynda utdy. Gollary Estewao, Lukas Paketa we Bruno Gimaraýns geçirdi.
Yklymara pleý-off oýunlaryna gatnaşmaga hukuk berýän ýedinji orny Wenesuela eýeleýär. Boliwiýa ondan bir utuk yza galýar we pleý-offa düşmek mümkinçiligini saklaýar. Çiliniň we Peruwyň milli ýygyndylary dünýä çempionatyna çykmak üçin matematiki mümkinçiliklerini ýitirdi.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......