Aşgabatda okuwçylar üçin ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça amaly-tejribe okuw guraldy

  • 06.09.2025 16:05
  • 11k+

Aşgabatda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde amaly-tejribe okuwy guraldy. Ol Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde geçirildi.

Galjaň we ýörite gulluklaryň ýörite duýdurmalary ulanýan awtoulaglarynyň ýol hereketinde gatnawy we wezipeleri bilen tanyşdyrmak boýunça geçirilen bu okuwa paýtagtymyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 7-8-nji synp okuwçylaryň 80-e golaýy gatnaşdy.
Amaly-tejribe okuwyň dowamynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň wekili tarapyndan ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde okuwçylaryň borçlary, galjaň we ýörite gulluklaryň ýörite duýdurmalary ulanýan awtoulaglaryna köçede gabat gelnende, raýatlaryň berjaý etmeli borçlary barada gürrüň berildi.
Şeýle hem galjaň we ýörite gulluklaryň hünärmenleri öz gulluklary tarapyndan ulanylýan awtoulaglaryň ýol hereketindäki gatnawy, özboluşly aýratynlyklary barada mekdep okuwçylaryna giňişleýin düşündirdiler. Ýörite duýdurmalary ulanýan awtoulaglarda bar bolan enjamlaryň ulanylyşynyň mekdep okuwçylaryna tejribe usulynda görkezilmegi çäräniň gyzykly pursatlarynyň birine öwrüldi.

“Okuw mende uly täsir galdyrdy. Esasanam ýangyn söndüriji ulag baradaky gürrüňler gyzykly boldy. Bu uly we güýçli ulagyň sazlaşykly işleýiş ulgamy bar. Meniň arzuwym – geljekde ýangyn söndüriji bolmak” – diýip, Aşgabat şäheriniň 66-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Yslam Geldimyradow öz duýgularyny paýlaşdy.

Bu amaly-tejribe okuwy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň şeýle hem “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramaklarynda geçirildi.
Amaly-tejribe okuwyň ahyrynda oňa gatnaşan ýaşlara guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.8k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.8k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......