9.8k+

Gobi çölünde üýtgeşik tegelek kelleli dinozawr tapyldy

Mongoliýadaky Gobi çölünde paleontologlar gümmezkelle dinozawryň daşa öwrülen galyndylaryny tapdy. Galyndylaryň ýaşy 108-115 mln ýyla barabar. Bu häzirki günde şeýle dinozawrlaryň iň gadymy we doly galyndylarydyr...

2.4k+

“Angry Birds 3 kinoda” 2026-njy ýylyň 23-nji dekabrynda çykar. Ses bermäge MrBeast gatnaşar

Paramount “Angry Birds 3 kinoda” multfilminiň ilkibaşda meýilleşdirilenden ir – 2026-njy ýylyň 23-nji dekabrynda çykjakdygyny habar berdi. Ozal premýera 2027-nji ýylyň 29-njy ýanwaryna meýilleşdirilipdi. Möhleti üýtgetmek bilen döredijiler mekdep okuwçylarynyň Täze ýyl mynasybetli dynç alyş günlerinde multfilme tomaşa etmegine mümkinçilik bermek isleýär...

1.4k+

Italiýa ÝB-de ilkinji bolup emeli aňyň ulanylyşy barada kanun kabul etdi

Italiýa Ýewropa Bileleşiginde emeli aňyň ulanylyşyny düzgünleşdirýän kanuny tassyklan ilkinji ýurt boldy. Bu barada The Guardian habar berýär. Resminamanyň maksady innowasiýalara, kiberhowpsuzlyga we şahsy maglumatlaryň goragyna aýratyn üns bermek bilen, EA-nyň aç-açan we howpsuz ulanylmagyna ýardam etmekdir...

7.7k+

Balkan welaýatynda karbamid öndürýän toplum gurlar

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplum gurlar. Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine degişli toplumyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi...

28k+

Ahal, Mary, Lebap, Daşoguz welaýatlarynda täze etraplar döredildi

Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanda dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda Karar kabul etdi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Ahal welaýatynda Altyn asyr etraby, Daşoguz welaýatynda Garaşsyzlyk, Gubadag etraplary, Lebap welaýatynda Döwletli, Farap, Garabekewül etraplary, Mary welaýatynda Oguzhan etraby döredildi...

4.6k+

Samsung şu ýyl OneUI 8-i aljak Galaxy enjamlarynyň sanawyny çykardy

Samsung kompaniýasy Android 16-a esaslanýan OneUI 8 firma interfeýsiniň täze wersiýasynyň çykarylandygyny habar berdi. Ony ilkinji bolup Galaxy S25 seriýaly smartfonlar aldy. Indi kompaniýa 2025-nji ýylyň ahyryna çenli täzelenip başlajak beýleki enjamlaryň sanawyny çap etdi...

4.9k+

Tankytçylar Di Kaprionyň gatnaşmagynda çykan “Bir söweşden soň beýleki” filmine ýokary baha berdi

26-njy sentýabrda režissýor Pol Tomas Andersonyň baş keşbi Leonardo Di Kaprionyň ýerine ýetirmeginde çykan “Bir söweşden soň beýleki” (Битва за битвой) drama trilleriniň premýerasy boldy. Köpçülige ýaýramazdan ozal film tankytçylara görkezildi we ýokary bahalara eýe boldy: Rotten Tomatoes platformasynda 68 synyň esasynda 97% we Metacritic-de 33 synyň esasynda 100-den 96 bal...

4.2k+

Toyota täzelenen GR Corolla 2026 üçin sargytlary kabul edip başlady

Toyota Gazoo Racing ýapon dilerlerinde GR Corolla hetçbeginiň täzelenen görnüşi üçin sargytlaryň kabul edilip başlanandygyny habar berdi. Satuw 2026-njy ýylyň 3-nji martynda başlar. Täzelenmeler Super Taikyu seriýasynyň ýaryş ulaglarynda ulanylýan tehnologiýalary önümçilik awtomobillerine geçirmäge gönükdirilendir...

9.1k+

Borty syçanly, siňekli we kömelekli hemra kosmosda 30 gün bolandan soň Ýere gaýdyp geldi

Bortunda janly organizmler bolan “Bion-M” № 2 hemrasy kosmosda 30 gün bolandan soň Russiýanyň Orenburg sähralaryna gondy. “Roskosmos” gonuş ýerinden kadrlary hödürledi. Bortda 75 syçan, 1,5 müň töweregi siňek, öýjükli kulturalar, ösümlikler (kalendula, ehinaseýa, moh), däneli, däne kösükli we senagat ekinleriniň nusgalary bardy...

8.2k+

Naoýa Inoueniň indiki garşydaşy ýeňilmedik meksikaly söweşiji Alan Pikasso bolar

Ikinji has ýeňil agramda (55,3 kg çenli) absolýut dünýä çempiony Naoýa Inoue (31 ýeňiş, 27-si nokaut bilen) 27-nji dekabrda Er-Riýadda söweş geçirer. Bu barada The Ring neşiri habar berdi. Ýaponiýaly boksçynyň garşydaşy 25 ýaşly ýeňilmedik meksikaly söweşiji Alan Pikasso bolar (32 ýeňiş, 17-si nokaut bilen)...

2.2k+

Counter-Strike 2 üçin uly täzelenme çykdy: täze sesler, funksiýalar

Valve kompaniýasy Counter-Strike 2 üçin uly täzelenme çykardy. Esasy üýtgeşme ýaraglar üçin 17 sany täze wizual görnüşleri öz içine alýan Genesis kolleksiýasy boldy. Olary adaty keýslerden tapawutlanýan täze Genesis Uplink Terminal ulgamy arkaly almak bolýar...

3.2k+

Rumyniýada geçirilen halkara maslahatda Türkmenistanyň bitaraplygynyň ähmiýeti bellenildi

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk ýoly: parahatçylyga we durnuklylyga 30 ýyllyk ygrarlylyk» atly halkara maslahatyny geçirdi. Maslahat Buharest şäherindäki Milli Ylym we Tehnologiýa Uniwersitetiniň Politehnika okuw merkezinde guraldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...

16k+

Aşgabadyň käbir köçelerinde ulaglaryň hereketi wagtlaýyn çäklendiriler

Aşgabatda käbir köçelerde we şaýollarda ulaglaryň hereketi wagtlaýyn çäklendiriler. Bu çäreler Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny baýram etmek boýunça taýýarlyklaryň çäginde paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak maksady bilen geçirilýär diýip, şäher häkimligi habar berýär...

3.1k+

Awazada Türkmenistanyň maýa goýum forumy halkara derejeli bilermenleri jemledi

18-nji sentýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň birinji güni geçirildi. Forum döwlet düzümleriniň, halkara maliýe institutlarynyň we guramalarynyň, öňdebaryjy korporasiýalaryň ýokary wezipeli wekillerini, bilermenleri hyzmatdaşlygyň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemledi...

2.8k+

Türkmenistanyň DIM-nde Türkiýäniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkiýäniň ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar...