Türkmenistanyň Bilim ministrliginde AQA Global-yň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

  • 19.09.2025 16:41
  • 3.1k+

18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Britaniýanyň AQA Global Assessment Services kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýetiň düzümine halkara ösüş boýunça direktor Şon Krouli, baha bermek ulgamlarynyň direktory Anna Grin we sebit boýunça geňeşçi Wali Guseýin girdi.

Duşuşykda bilimiň hilini ýokarlandyrmak, talyplaryň bilimini bahalandyrmak ulgamyny kämilleşdirmek we ony zähmet bazarynyň talaplaryna laýyklaşdyrmak boýunça strategik hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
AQA Global kompaniýasy bilim ulgamy boýunça halkara tejribelere eýe bolup, Merkezi Aziýa ýurtlaryny hem öz içine alýan birnäçe ýurtlarda özgertmeler gatnaşdy. Esasy ugurlary — milli attestasiýa ulgamlaryny ornaşdyrmak, hünärleriň standartlaşdyrylmagy, testleşdirmäniň sanlylaşdyrylmagy we mugallymlara usuly taýdan goldaw bermekden ybaratdyr. Mysal üçin, kompaniýa Özbegistanda ýokary synplar üçin täze baha bermek modeliniň döredilmegine gatnaşdy, Gazagystanda bolsa uçurymlar üçin kriteriýal bahalandyrma ulgamyny ornaşdyrmaga ýardam etdi. Şeýle çemeleşmeler diplomlara we sertifikatlara bolan ynamy güýçlendirýär we olaryň iş berijiler tarapyndan has islegli bolmagyna ýardam edýär.

Gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary kesgitlenildi:

  • synag platformalaryny we sertifikasiýany guramak,
  • netijeleri seljermek üçin sanly çözgütleri ornaşdyrmak,
  • baha bermek we hünär standartlaryny bilelikde taýýarlamak,
  • mugallymlara usuly taýdan goldaw bermek.

Taraplar halkara ülňülerine laýyklykda bilim ulgamyny meýilleşdirmegiň ähmiýetine aýratyn üns berdiler. Bu bolsa geljekde durnukly we netijeli özgertmeler modelini döretmäge ýardam berer.


02.06.2026 20:35
3.6k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......