Ahal, Mary, Lebap, Daşoguz welaýatlarynda täze etraplar döredildi

  • 20.09.2025 09:42
  • 27k+

Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanda dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda Karar kabul etdi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Ahal welaýatynda Altyn asyr etraby, Daşoguz welaýatynda Garaşsyzlyk, Gubadag etraplary, Lebap welaýatynda Döwletli, Farap, Garabekewül etraplary, Mary welaýatynda Oguzhan etraby döredildi.
Degişli resminama 19-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda kabul edildi.
Türkmenistanyň Mejlisi karary bilen:
Ahal welaýatynda täze Altyn asyr etraby döredildi. Etrabyň çägine şu ýerler girizildi:

  • Kaka etrabynyň dolandyryş çäginden 307903 ga ýer hem-de onuň düzüminden Çäçe, Mäne geňeşlikleri;
  • Sarahs etrabynyň dolandyryş çäginden 26700 ga ýer hem-de onuň düzüminden Balykçylyk geňeşligi;
  • Tejen etrabynyň dolandyryş çäginden 271152 ga ýer hem-de onuň düzüminden Altyn asyr şäheri we bu şäheriň dolandyryş tabynlygyndaky Ak altyn, Bugdaýly, Maldarçylyk obalary, Döwletli, Gurban Durdy, Waharman geňeşlikleri.

Altyn asyr etrabynyň edara ediş merkezi edip Altyn asyr şäheri bellenildi.

Daşoguz welaýatynda täze Garaşsyzlyk etraby döredildi. Onuň düzümine Akdepe etrabynyň dolandyryş çäginden 894378 ga ýer hem-de onuň düzüminden Andalyp şäheri, Rejepguly Ataýew adyndaky şäherçe we bu şäherçäniň dolandyryş tabynlygyndaky Bagty, Bamyly, Çildir, Gyzyl, Keşler, Meňiş, Omarly, Orman obalary, Agzybirlik, Ak altyn, Altyn toprak, Gyzyltakyr, Magtymguly Garlyýew adyndaky, Nurmuhammet Andalyp adyndaky, Sapyş Çerkezow adyndaky, Sazanda, Şabat, Täzezaman, Üçkepderi geňeşlikleri girizildi.
Garaşsyzlyk etrabynyň edara ediş merkezi edip Andalyp şäheri bellenildi.

Daşoguz welaýatynda täze Gubadag etraby döredildi. Boldumsaz etrabynyň dolandyryş çäginden 66895 ga ýer hem-de onuň düzüminden Gubadag şäheri, Gökçäge şäherçesi we bu şäherçäniň dolandyryş tabynlygyndaky Duzlyköl, Maňňyt obalary, Abadanlyk, Akýaýla, Amyderýa, Babadaýhan, Baýdak, Bereketli, Bitarap Türkmenistan, Çowdur, Gökýaýla, Gubadag, Jeýhun, Ýaşlyk geňeşlikleri Gubadag etrabynyň dolandyryş çägine we düzümine geçirildi.
Gubadag etrabynyň edara ediş merkezi edip Gubadag şäheri bellenildi.

Lebap welaýatynda täze Döwletli etraby döredildi. Hojambaz etrabynyň dolandyryş çäginden 220776 ga ýer hem-de onuň düzüminden Döwletli şäherçesi we bu şäherçäniň dolandyryş tabynlygyndaky Aşgabat, Garagum, Miras obalary, Berkararlyk, Hojahaýran, Pagtaçy, Tallymerjen, Täze durmuş geňeşlikleri; Köýtendag etrabynyň dolandyryş çäginden 183540 ga ýer hem-de onuň düzüminden Dostluk şäheri, Amyderýa, Kerkiçi şäherçeleri, Burguçy, Daşrabat, Türkmenistan, Ýalkym geňeşlikleri Döwletli etrabynyň dolandyryş çägine we düzümine geçirildi.
Döwletli etrabynyň edara ediş merkezi edip Döwletli şäherçesi bellenildi.

Lebap welaýatynda täze Farap etraby döredildi. Çärjew etrabynyň dolandyryş çäginden 396447 ga ýer hem-de onuň düzüminden Farap şäheri, Jeýhun şäherçesi, Bitik, Garamyş, Hanoba, Hojakenepsi, Jendi, Kyraç, Osty geňeşlikleri Farap etrabynyň dolandyryş çägine we düzümine geçirildi.
Farap etrabynyň edara ediş merkezi edip Farap şäheri bellenildi.

Lebap welaýatynda täze Garabekewül etraby döredildi. Saýat etrabynyň dolandyryş çäginden 498897 ga ýer hem-de onuň düzüminden Garabekewül şäheri, Yslam şäherçesi we bu şäherçäniň dolandyryş tabynlygyndaky Gumakly, Soltanjeňňel obalary, Akgala, Baý, Dostluk, Ärsarybaba, Lamma, Rahmançäge, Seýdi, Soltanýazgala, Zelili adyndaky geňeşlikleri Garabekewül etrabynyň dolandyryş çägine we düzümine geçirildi.
Garabekewül etrabynyň edara ediş merkezi edip Garabekewül şäheri bellenildi.

Mary welaýatynda täze Oguzhan etraby döredildi. Murgap etrabynyň dolandyryş çäginden 39127 ga ýer hem-de onuň düzüminden Deňizhan, Oguzhan şäherçeleri we Deňizhan şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyndaky Kiçi Hanhowuz, Sähra obalaryny, Deňizhan, Dostluk geňeşlikleri; Sakarçäge etrabynyň dolandyryş çäginden 165266 ga ýer hem-de onuň düzüminden Şatlyk şäheri, Döwletli zaman, Parahat şäherçelerini, Altyn zaman, Gökhan, Merdana, Ýyldyzhan geňeşlikleri Oguzhan etrabynyň dolandyryş çägine we düzümine geçirildi.
Oguzhan etrabynyň edara ediş merkezi edip Parahat şäherçesi bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda,

  • Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň edara ediş merkezi Akdepe şäherine geçirildi.
  • Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň çäginde täze dörän ilatly ýere oba derejesi berlip, oňa «Kepele» ady dakyldy. Bu oba Öňaldy geňeşliginiň düzümine goşuldy.
  • Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gorjaw geňeşligi ýatyrylyp, bu geňeşlik we onuň düzümindäki Gorjaw obasy dolandyryş-çäk birlikleriniň hasabyndan çykaryldy.

Lebap welaýatynda şu ilatly ýerleri, ilatyň ýaşamaýandygy we ilatyň sanynyň kanunçylykda bellenilenden azdygy sebäpli, dolandyryş-çäk birlikleriniň hasabyndan çykaryldy:
1) Çärjew etrabynyň Osty geňeşliginiň Gyrteki obasy;
2) Köýtendag etrabynyň Garrygala geňeşliginiň Hojaşüllük obasy, Köýten geňeşliginiň Mälik obasy.
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlikleri bilen bilelikde Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk, Gubadag etraplarynyň, Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap, Garabekewül etraplarynyň hem-de Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirer.
Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 36-njy madda) bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar giriziler.


düýn 16:04
1.6k+

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» forumy täze mümkinçiliklere ýol açdy

Türkmenistanda hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly II halkara forum geçirildi. Çäre 18-nji martda ýurduň Söwda-senagat edarasynda boldy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan serginiň çäginde guraldy...

düýn 15:51
2.3k+

Pekinde Raşid Meredow bilen Wan Iniň arasynda duşuşyk geçirildi

18-nji martda Pekinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy boldy. Gepleşikler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa amala aşyrýan saparynyň çäginde geçirildi...

düýn 10:26
11k+

Milli Lider Prezident Serdar Berdimuhamedowy wezipesine girişen güni bilen gutlady

Şu gün — 19-njy martda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halky tarapyndan döwlet Baştutany hökmünde saýlanyp, wezipä girişmegine dört ýyl bolýar. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowa türkmen halkynyň we Halk Maslahatynyň adyndan gyzgyn gutlaglaryny ýollady...

düýn 10:21
6.6k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň CNPC korporasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan bilen duşuşdy...