Rumyniýada geçirilen halkara maslahatda Türkmenistanyň bitaraplygynyň ähmiýeti bellenildi

  • 19.09.2025 16:32
  • 3.2k+

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk ýoly: parahatçylyga we durnuklylyga 30 ýyllyk ygrarlylyk» atly halkara maslahatyny geçirdi. Maslahat Buharest şäherindäki Milli Ylym we Tehnologiýa Uniwersitetiniň Politehnika okuw merkezinde guraldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Maslahata diplomatlar, Rumyniýanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, ylmy jemgyýetçiliginiň agzalary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Çykyş edenler häzirki döwrüň şertlerinde bitaraplyk temasynyň ähmiýetini, onuň parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi berkitmekdäki ornuny nygtadylar.
Maslahatda giriş sözi bilen uniwersitetiň rektory, professor Mihneýa Kostoiu çykyş edip, Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk derejesiniň hem-de onuň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň ähmiýetini belläp geçdi. Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Annaýew bitaraplygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlyk ýörelgesidigini hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek tassyklanandygyny nygtady.
Türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, şol sanda Hazar deňzi – Gara deňiz ulag geçelgesi taslamasyna, şeýle hem energetika, sanly tehnologiýalar we ekologiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Maslahat milli mirasymyzyň baýlygyny myhmanlaryň has ýakyndan tanamagyna mümkinçilik döreden sergi we milli tagamlaryň hödürlenmegi bilen jemlendi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......