OpenAI gumanoid robotlary işläp taýýarlamak bilen meşgullanar we eýýäm hünärmenleri gözläp başlady

  • 20.09.2025 06:52
  • 995

OpenAI kompaniýasy robot tehnikasy, şol sanda gumanoid ulgamlaryň üstünde işlemek boýunça täze topary döredýär döredýär. Bu barada Wired habar berýär.

Neşiriň habar bermegine görä, kompaniýa robotlary dolandyrmak ugrunyň hünärmenlerini işjeň işe alýar. Olaryň arasynda ozal Stenford uniwersitetinde robot taslamalaryna ýolbaşçylyk eden Çen Şu Li bar. Başga-da bu ugruň  iki hünärmeni başga bir kompaniýadan OpenAI-a geçdi.
Robotlara bolan gyzyklanma uniwersal emeli aňy (AGI) işläp taýýarlamak meselesi bilen baglanyşykly. ChatGPT ýaly dil modelleri diňe tekst bilen işleýän bolsa, robotlara gurlan AI algoritmleri wezipeleri has çylşyrymly we öňünden aýdyp bolmaýan hakyky durmuşda synagdan geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu bir wagtyň özünde “pikirlenmäniň” birnäçe derejesini – hereket işjeňliginden başlap, meýilnamalaşdyrmaklyga we aragatnaşyga çenli talap edýär. Şol bir wagtyň özünde, robotlar ýüzugra ýagdaýa görä özboluşly öwredijilik häsiýetli maglumatlary alýarlar.
OpenAI-yň bu ugurda eýýäm birneme tejribesi bardy: 2019-njy ýylda kompaniýa Rubikiň kubyny düzýän mehaniki eli döretdi, ýöne 2021-nji ýylda bu ugurdaky taslamalar doňduryldy. Indi kompaniýa olara gaýdyp gelýär we has uly ädimleri etmäge taýýarlanýar.
OpenAI-yň web sahypasynda millionlarça enjam öndürmek üçin dörediljek  datçiklerden, mehaniki ulgamlardan, prototipleşdirmekden we beýleki ugurlardan baş çykarýan inženerler üçin boş iş orunlary görkezilýär. Morgan Stanley-iň maglumatlaryna görä, gumanoid robotlarynyň bazary 2050-nji ýyla çenli 5 trillion dollara ýetip biler.


07.03.2026 17:10
914

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...

27.02.2026 21:33
8.4k+

Google Nano Banana 2-ni tanyşdyrdy: 4K çözgüdi we Gemini-niň ähli bilimleri indi elýeterli

Google kompaniýasy özüniň täze Nano Banana 2 neýroulgamyny tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler bu täze önümi "şekillendiriş pudagynda iň döwrebap we ösen model" diýip atlandyrýarlar. Bu tehnologiýa ýakyn wagtda korporasiýanyň ähli serwislerine we hyzmatlaryna ornaşdyrylar...

21.02.2026 17:41
1.7k+

Gemini 3.1 Pro bäsdeşlerinden has akylly we ep-esli arzan bolup çykdy

Google kompaniýasy gysga jogap däl-de, çylşyrymly logiki pikirlenmegi talap edýän ýumuşlar üçin niýetlenen täze Gemini 3.1 Pro emeli aň modelini hödürledi. Model programmalary ýazmaga, ylmy barlaglar geçirmäge we hatda animasiýalary döretmäge-de ukyplydyr...