Awazada maýa goýum forumynyň barşynda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

  • 19.09.2025 16:22
  • 3.7k+

18-nji sentýabrda Awazada Türkmenistanyň maýa forumynyň (TIF-2025) çäklerinde dürli ugurlarda ylalaşyklary berkidýän ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Hususan-da, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri M.Astanagulow bilen Bütindünýä bankynyň Türkmenistandaky we Gazagystandaky hemişelik wekili Andreý Mihnew «Pandemiýalaryň öňüni alyş maksatlaýyn gaznasy» boýunça grant bermek baradaky ylalaşyga gol çekdiler. Resminama Merkezi Aziýada «Bitewi saglygy goraýyş» sebit taslamasyny durmuşa geçirmek üçin gönükdirilip, onuň maksady azyk ulgamlaryny goramak we ekoulgamlaryň saglygyny goldamakdan ybaratdyr.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Awstriýanyň Primetals Technologies Austria GmbH kompaniýasy bilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama baglaşdy. Resminama ministr T.Nurow bilen kompaniýanyň baş wise-prezidenti Andreas Lemp tarapyndan gol çekildi. Mitsubishi Heavy Industries toparynyň düzümindäki metallurgiýadaky innowasiýalar merkeziniň biri hökmünde Primetals Technologies Türkmenistanda pudagy ösdürmek üçin döwrebap tehnologiýalara elýeterliligi üpjün eder.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Günbatar Londonyň Söwda edarasy (WLCC) bilen özara düşünişmek barada Ähtnama baglaşdy. Resminama TSSP-niň başlygynyň orunbasary A.Nazarow we WLCC-niň prezidenti Kristofer Durkin tarapyndan gol çekildi. Bu ylalaşyk WLCC-niň dünýäniň dürli ýurtlaryndaky hyzmatdaşlary bilen bolan gatnaşyklary arkaly türkmen kompaniýalarynyň halkara bazaryna çykmagy üçin mümkinçilikleri açar.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi dünýäniň 1200-den gowrak erkin ykdysady zolaklaryny we parklaryny birleşdirýän Bütindünýä Erkin Zolaklar Guramasy (World FZO) bilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama baglaşdy. Resminama ministr M.Astanagulow bilen World FZO-nyň Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Ýerbol Buharbaýew tarapyndan gol çekildi.


düýn 15:08
1.8k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

düýn 12:22
2.2k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

düýn 12:11
10k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 18:11
5.5k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......