Borty syçanly, siňekli we kömelekli hemra kosmosda 30 gün bolandan soň Ýere gaýdyp geldi

  • 20.09.2025 06:24
  • 9.1k+

Bortunda janly organizmler bolan “Bion-M” № 2 hemrasy kosmosda 30 gün bolandan soň Russiýanyň Orenburg sähralaryna gondy. “Roskosmos” gonuş ýerinden kadrlary hödürledi.

Bortda 75 syçan, 1,5 müň töweregi siňek, öýjükli kulturalar, ösümlikler (kalendula, ehinaseýa, moh), däneli, däne kösükli we senagat ekinleriniň nusgalary bardy. Şeýle-de, olar bilen bilelikde orbita kömelekler, lişaýnikler, öýjükli materiallar we öňki hemralarda eýýäm kosmosda bolan tohumlardan ösdürilip ýetişdirilen ösümlik tohumlary uçuryldy.
“Roskosmos” gonuşdan soň janly organizmleriň ýagdaýy barada entek habar bermedi. Gonuşdan soň olar öwrenmek üçin Moskwa iberiler.
Alymlar “Bion-M” hemrasynda on tejribe geçirmegi meýilleşdiripdi. Syçanlara ýörite gutynyň içindäki datçikleriň we käbir syçanlarda oturdylan çipleriň kömegi bilen gözegçilik edildi. Indi alnan maglumatlar Ýerde syçanlaryň iki topary bilen deňeşdiriler: biri adaty şertlerde, beýlekisi barlaghana şertlerinde ýaşady. Ylmy gözlegçiler kosmosyň haýwanlaryň gormonyna, immunitetine, suw-duz çalşygyna we reproduktiw ulgamyna ýetirýän täsirini öwrener.
Taslamanyň maksady kosmos radiasiýasynyň derejesi HKS-iň orbitasyndan üçden bir ýokary bolan giňişlikde janly organizmleriň uçuşy nähili geçirýändigine düşünmekden ybarat. Netijeler geljekki ekipažly uçuşlar, şol sanda Ýere golaý orbitanyň çäginden daşary uçuşlar üçin gorag usullaryny işläp taýýarlamaga kömek eder.


düýn 10:01
3.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.8k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......