Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde möhüm teklipler maslahatlaşyldy

  • 20.09.2025 11:16
  • 46k+

19-njy sentýabrda Aşgabatda Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlise Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, mährem eneler, jemgyýetçilik wekilleri, beýleki adamlar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi açyk diýlip yglan edilenden soň, ýygnananlaryň biragyzdan goldamagynda we doly makullamagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibi tassyklanyldy.
Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylara söz berildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy, Hormatly il ýaşulusy Ýazmyrat Atamyradow çykyşynda köp ýyllardan bäri ýurdumyzda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň yzygiderli ýokarlandyrylýandygyny, adamlar üçin döredilýän şeýle ýeňillikleriň dünýäniň hiç bir ýurdunda-da ýokdugyny, bu gün her bir maşgalanyň eliniň uzadan ýerine ýetýändigini aýtdy.

“Agzybir halkymyz parahat, asuda, bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Ogul-gyzlarymyz, agtyk-çowluklarymyz okuwa, işe arkaýyn gidip-gelýärler. Parahat, asuda durmuşyň özi bahasyna ýetip bolmajak uly baýlykdyr hem gymmatlykdyr” diýip, Ý.Atamyradow belledi we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejä ýetendigini göz öňünde tutup, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň ýokarlandyrylmagyny bes etmegi teklip etdi hem-de şu teklibi goldamagy Gahryman Arkadagymyzdan tüýs ýürekden haýyş etdi.

Ý.Atamyradow tygşytlanyljak serişdeleriň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, beýleki wajyp ugurlara gönükdirilmeginiň has-da talabalaýyk boljakdygyny nygtady.
Maslahatda çykyş eden owganystanly türkmen Ahmad Abdul Rahman ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy we Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwer tagallalary bilen Owganystanda ýertitremede ejir çekenlere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ynsanperwerlik kömeginiň iberilendigini nygtap, munuň üçin hoşallyk bildirdi.
Halk Maslahatynyň mejlisiniň arakesmesinde Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi. Onda Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň welaýatlarynyň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak barada öňe sürlen teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy we degişli çözgüt kabul edildi.
Arakesmeden soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynda döwletimizde ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemledi.
Döwlet Baştutany çykyşynda şu ýylyň ahyryna çenli täze döredilen iş orunlarynyň sanynyň 3 müňden gowrak boljakdygyny nygtady.
Şeýle hem «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» işläp taýýarlamak hem-de ony Halk Maslahatyna hödürlemek tabşyryldy.
Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň barşynda Bilim ministrliginiň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde geljekde hünärmenlere bolan zerurlyklar boýunça Tertibi işläp düzmeginiň möhümdigini aýdyp, Bilim ministrligine bu çaklamalaryň esasynda hünär bilimi edaralaryna okuwa kabul etmegiň döwlet sargydyny taýýarlamagy üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutany türkmen wekiliýetiniň ýakyn wagtda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 80-nji ýubileý sessiýasyna hem gatnaşjakdygyny, bu taryhy sessiýada Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň beýan ediljekdigini belledi.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň işlenip taýýarlanylandygy habar berildi.
Mejlisiň dowamynda  Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanlary esasynda sylaglary gowşurmak dabarasyna geçirildi. Her welaýatdan, Aşgabat, Arkadag şäherlerinden Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy” diýen ada we «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolanlara sylaglar gowşuryldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň jemleýji sözünden soň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýapyk diýlip yglan edildi.


düýn 17:19
1.7k+

Günorta Koreýa Türkmenistandaky täze ilçisini belledi

Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrligi Li Won Çženi Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi. Bu barada Daşary işler ministrligine salgylanyp, «Orient» habar berýär...

düýn 16:23
892

Geçen hepde TDHÇMB söwdalarynda geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 9 mln dollaryndan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda jemi 34 sany geleşik hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Gruziýanyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen polipropileni we binýatlyk ýagy satyn aldy...

düýn 14:48
7.3k+

Türkmenistan goňşy Eýrana doganlyk goluny uzadyp, ynsanperwer kömegini ýollady

Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer kömegini ugratdy. Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu ýük, ilkinji nobatda, goňşy ýurduň çagalaryna niýetlenendir...

15.03.2026 09:38
7.7k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow musulman dünýäsiniň iň mukaddes gijeleriniň biri bolan Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda türkmen halkyna öz gutlag hatyny iberdi. Gutlagyň doly teksti TDH tarapyndan çap edildi...