Altyn asyr, Garaşsyzlyk, Gubadag, Farap, Döwletli, Garabekewül, Oguzhan etraplarynyň häkimlikleri döredildi

  • 20.09.2025 09:49
  • 21k+

19-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň dolandyryş-çäk bölünişigine üýtgeşmeler girizilip, täze etraplar döredildi. Ahal welaýatynda Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýatynda Garaşsyzlyk we Gubadag etraplarynyň, Lebap welaýatynda Farap, Döwletli we Garabekewül etraplarynyň, Mary welaýatynda Oguzhan etrabynyň döredilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň häkimligi, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk we Gubadag etraplarynyň häkimlikleri, Lebap welaýatynyň Farap, Döwletli, Garabekewül etraplarynyň häkimlikleri, Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň häkimligi döredildi.
Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Adalat ministrligi bilen bilelikde degişli häkimlikleriň gurluşlarynyň taslamalaryny, işgär sanynyň möçberini taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......