Awazada Türkmenistanyň maýa goýum forumy halkara derejeli bilermenleri jemledi

  • 19.09.2025 16:15
  • 3k+

18-nji sentýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň birinji güni geçirildi. Forum döwlet düzümleriniň, halkara maliýe institutlarynyň we guramalarynyň, öňdebaryjy korporasiýalaryň ýokary wezipeli wekillerini, bilermenleri hyzmatdaşlygyň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemledi.

Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri tarapyndan guralýan foruma gatnaşyjylar iki günüň dowamynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeler we gazanylýan üstünlikler bilen tanşyp, türkmen hyzmatdaşlary bilen maýa goýum taslamalaryny, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik aldylar.
Forumyň işi «Strategik netijeliligiň şerti hökmünde Türkmenistanyň maýa goýum özüne çekijiligi» atly plenar mejlis bilen badalga aldy.
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko mejlisi açyp, durnukly ösüş üçin maýa goýum dialogynyň möhüm ähmiýetini nygtady hem-de foruma gatnaşyjylara söz berdi. Forumyň barşynda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima, Bütindünýä bankynyň Ýerine ýetiriji direktory Beatris Lus Mazer Mallor, Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Sahib Nureddin Alekperow çykyş etdi.
Türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. 
Soňra forum öz işini mowzuklaýyn mejlisler bilen dowam etdi. Hususan-da, «Ygtybarly energetika durnuklylygy: Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ileri tutulýan pudaklarynyň ösüşi», “Türkmenistanyň gurluşygynda we senagatynda täze meýiller hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri”, “Türkmenistanda ygtybarly ulag-kommunikasiýa infrastrukturasynyň ösüşi. Ulag-logistika ulgamyna maýa goýumlar”, “Howanyň üýtgemegine durnukly oba hojalygy we gaýtadan işleýän oba hojalyk senagatyna maýa goýumlar” atly mejlisler geçirildi.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet düzümleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Bu resminamalar özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berer.
Forum, şu gün 19-njy sentýabrda öz işini tamamlar.


14.05.2026 19:01
1.7k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......