Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasy YHG-nyň we Eýranyň II milli forumyna gatnaşdy

  • 19.09.2025 15:59
  • 2.3k+

16-njy sentýabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy we halkara barlaglar merkezinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Eýranyň ikinji milli forumy geçirildi. Foruma Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasy gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Agzalan foruma Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri, YHG-nyň agza ýurtlarynyň Ilçileri, hormatly myhmanlar gatnaşdylar.
Türkmenistan bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda özara bähbitli, konstruktiw we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmen tarapy bu guramanyň işjeň agzasy hökmünde, onuň agza ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işlerine yzygiderli gatnaşýar.

Çäräniň maksady YHG-nyň agza ýurtlarynyň arasynda ykdysady, tehnologiki we aragatnaşyk hyzmatdaşlygyna syn bermekden, şeýle hem Guramanyň ösüşiniň täze strategiýasyny taýýarlamak boýunça bilermenleriň tekliplerini işläp düzmekden ybarat boldy.
Şeýle hem forumyň çäklerinde üç sany ýöriteleşdirilen mejlis geçirildi. Olar «Sebitara aragatnaşyk we arabaglanyşyk», «YHG we täze tehnologiýalar» hem-de «ECO Vision 2035» atly mejlislerdir.


şu gün 07:42
809

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......