“Mançester Ýunaýted” möwsümiň jemi boýunça rekord girdeji barada hasabat berdi

  • 20.09.2025 06:26
  • 4.1k+

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” futbol kluby 2024/25 möwsüminiň jemi boýunça rekord girdeji barada hasabat berdi. Sky Sports-yň maliýe hasabatyna salgylanyp habar bermegine görä, girdeji 666,5 mln funt sterling boldy.

Şol bir wagtyň özünde, klub 33 mln funt sterling möçberde ýitgi hasaba aldy, ýöne bu 2024-nji ýyldaky 113 mln funt ýitgiden ep-esli azdyr. Girdejiniň ösüşine Snapdragon brendi bilen baglaşylan bäşýyllyk şertnama uly goşant goşdy.
Ýitgileri birinji toparyň meýilnamalaryna girmeýän ýokary zähmet haky bolan oýunçylary kärendesine bermegiň we satmagyň, şeýle-de giň gerimli üýtgedip gurmak işleriniň netijesinde azaltmak başartdy. Birinji tapgyrda “Old Trafford” stadionynyň 250-den gowrak işgäri işden çykaryldy.
Bellenilişi ýaly, “Mançester Ýunaýted” möhüm netijelere ýetmändigine we Çempionlar ligasyna gatnaşmandygyna garamazdan, rekord maliýe görkezijilerine ýetmegi başardy. Angliýanyň premýer-ligasynda klub möwsümi 15-nji orunda tamamlady – bu toparyň 1973/74 möwsüminden bäri milli çempionatda iň ýaramaz netijesidir.


düýn 16:49
6.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.9k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
8.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
5k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....