Italiýa ÝB-de ilkinji bolup emeli aňyň ulanylyşy barada kanun kabul etdi

  • 20.09.2025 14:19
  • 1.4k+

Italiýa Ýewropa Bileleşiginde emeli aňyň ulanylyşyny düzgünleşdirýän kanuny tassyklan ilkinji ýurt boldy. Bu barada The Guardian habar berýär.

Resminamanyň maksady innowasiýalara, kiberhowpsuzlyga we şahsy maglumatlaryň goragyna aýratyn üns bermek bilen, EA-nyň aç-açan we howpsuz ulanylmagyna ýardam etmekdir.
Kanun emeli aňy zyýan ýetirmek, mysal üçin, dipfeýk döretmek üçin ulanan ýagdaýlarynda bir ýyldan bäş ýyla çenli möhlet bilen azatlykdan mahrum etmegi göz öňünde tutýar. Şeýle-de, kezzaplyk we neýroulgamlaryň kömegi bilen şahsy maglumatlaryň ogurlygy üçin jeza güýçlendirilýär. 14 ýaşa çenli çagalar şeýle tehnologiýalara diňe ene-atasynyň razylygy bilen elýeterli bolup biler.
Resminama EA-nyň kömegi bilen döredilen eserleriň, eger olar adamyň hakyky intellektual tagallalarynyň netijesi bolsa, awtorlyk hukuklary bilen goraljakdygyny belleýär. Emeli aňyň kömegi bilen maglumatlaryň seljermesi diňe awtorlyk hukugy bilen goralmadyk kontent ýa-da ylmy gözlegler üçin rugsat edilýär.


düýn 22:17
1.7k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

02.06.2026 21:16
6k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......