Toyota täzelenen GR Corolla 2026 üçin sargytlary kabul edip başlady

  • 20.09.2025 06:29
  • 4.2k+

Toyota Gazoo Racing ýapon dilerlerinde GR Corolla hetçbeginiň täzelenen görnüşi üçin sargytlaryň kabul edilip başlanandygyny habar berdi. Satuw 2026-njy ýylyň 3-nji martynda başlar.

Täzelenmeler Super Taikyu seriýasynyň ýaryş ulaglarynda ulanylýan tehnologiýalary önümçilik awtomobillerine geçirmäge gönükdirilendir. Kuzowyň berkligini ýokarlandyrmak üçin täze ýörite ýelim ulanyldy. Bu dolandyryjylygy ýokarlandyrmaga, ulagyň rul hereketine çalt jogap bermegine we şäher şertlerinde hem-de Nýurburgring ýaly ýollarda durnuklylygy ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.
G16E-GTS turbo hereketlendirijisi indi aýratyn kanal arkaly goşmaça sowuk howa akymyny kabul edýär. Bu hem hereketlendirijä düşýän howanyň temperaturasyny peseldip, onuň durnukly işlemegini üpjün edýär.
Üpjünçilikde sabwufer bilen JBL audioulgamy we Active Sound Control ulgamy peýda boldy.
Model iki reňkde elýeterli: 5,68 mln ýenadan (takmynan, 38,5 müň dollar) 6 basgançakly mehaniki guty bilen we 5,98 mln ýenadan (takmynan, 40,6 müň dollar) 8 basgançakly GR-DAT awtomatik transmissiýa we doly herekete getiriji bilen.
Mundan başga-da, 2023-nji ýylyň GR Corolla ulaglarynyň eýeleri üçin täzelenme bukjasy taýýarlandy. Ol aýlanma güýjüni 400 Nm çenli ýokarlandyrýar we tekerleriň arasynda çekiş güýjüni paýlamagyň täze režimlerini hödürleýär. Täzelenmeleriň 2026-njy ýylyň ýazynda elýeterli bolmagyna garaşylýar.


düýn 09:33
5.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

09.05.2026 10:32
5.2k+

Toyota Awstraliýada iň kuwwatly Land Cruiser 300-i satuwa çykardy

Toyota kompaniýasy Awstraliýada Land Cruiser 300-iň gibrid görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Carscoops neşiriniň habar bermegine görä, mundan ozal iň kuwwatly Land Cruiser diňe Gündogar Ýewropanyň käbir......

06.05.2026 09:03
6.3k+

Toyota Tundra howpsuzlyk synaglarynda F-150-den has ýokary netijeleri görkezdi

IIHS-iň täze geçiren kraş-testleri uly göwrümli pikaplar segmentinde garaşylmadyk netijäni ýüze çykardy. Toyota Tundra synaglarda iň ýokary netijeleri görkezip, howpsuzlyk derejesi boýunça Ford F-150-den öňe......

04.05.2026 20:02
4.3k+

Lexus Toyota Highlander-iň binýadynda täze üç hatarly krossowerini görkezer

Lexus brendi resmi tanyşdyrylyşy 7-nji maýa meýilleşdirilen täze modeliniň tizerlerini paýlaşdy. Bu täzeligiň ýakynda tanyşdyrylan elektrik Toyota Highlander-iň premial nusgasy bolan uly göwrümli elektrik......