Toyota Tundra howpsuzlyk synaglarynda F-150-den has ýokary netijeleri görkezdi

  • 06.05.2026 09:03
  • 6.6k+

IIHS-iň täze geçiren kraş-testleri uly göwrümli pikaplar segmentinde garaşylmadyk netijäni ýüze çykardy. Toyota Tundra synaglarda iň ýokary netijeleri görkezip, howpsuzlyk derejesi boýunça Ford F-150-den öňe geçdi.

Ulag, aýratynam, ikinji hataryň ýolagçylary üçin ýokary howpsuzlygy görkezdi. Ford F-150 satuw boýunça öňde barýan hem bolsa, bu ugurda ulaglaryň arasyndaky tapawut ýokary boldy.

SPEEDME.RU neşiriniň ýazmagyna görä, iki model hem esasy synaglardan — burç we gapdal zarbalaryndan ynamly geçdi. Ýöne ulagyň öň tarapynyň ýarysynyň «çaknyşmak» synagy esasy tapawudy ýüze çykardy. Bu ýerde Ford F-150 ikinji hataryň ýolagçylarynyň kellesine, boýnuna we döşüne şikes ýetme ähtimallygynyň ýokarydygy sebäpli, iň pes «Poor» bahasyny aldy. Bu ýagdaý uly pikaplaryň köpüsiniň gowşak tarapydyr. Olarda yzky ýolagçylaryň goragy, adatça, öňdäkilerden pes bolýar.

Toyota Tundra bu synagda iň ýokary «Good» bahasyny aldy we 2026-njy ýylda «Top Safety Pick» baýragyna mynasyp bolan ýeke-täk benzinli uly göwrümli pikap boldy. Hakykat ýüzünde, iň gowularyň sanawynda onuň ýanynda diňe elektrik Tesla Cybertruck bar.

Işjeň howpsuzlyk ulgamlary dürli netijeleri görkezdi. Çaknyşmalaryň öňüni alyş synaglarynda Ford F-150 «Poor» bahasyny aldy — ulgam käwagt awtomobillere we motosikllere nädogry reaksiýa berdi.

Emma pyýadalary tanamakda Ford öz bäsdeşinden has kämil boldy. Tundra-da bolsa synaglaryň bir bölegi entek geçirilmedi. Iki modeliň hem faralary olaryň üpjünçiligine baglydyr: Toyota-da proýektor optikasy «Good» bahasyny alan bolsa, Ford-da tersine, reflektorly LED faralary iň gowusy boldy.

Ford F-150 uniwersal we meşhur saýlaw bolmagynda galýar, emma eger birinji orunda howpsuzlyk, aýratyn-da, yzky ýolagçylaryň howpsuzlygy duran bolsa, Toyota Tundra has oýlanyşykly wariant bolup görünýär. Çünki, şu günki günde diňe iň köp satylýan bolmak ýeterlik däl — howpsuzlyk esasy faktora öwrülýär we bu ýerde hatda bazaryň liderleri hem has deňagramly bäsdeşlerinden yza galyp bilýär.


düýn 12:20
2.5k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.4k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.1k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.6k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......