Serdar Berdimuhamedow “PETRONAS” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
14-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi kabul etdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Malaýziýa bilen ykdysadyýet, söwda, ulag, energetika, bilim, medeniýet ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge uly ähmiýet berýär...