Mercedes-Maybach altyn nyşanly kaşaň S 680 V12 Edition sedanyny çykardy

  • 26.09.2025 19:50
  • 7.7k+

Mercedes-Benz çäkli V12 Edition seriýasy bilen kaşaň Mercedes-Maybach S 680 sedanyny görkezdi. Bu wersiýa 12 silindrlik hereketlendirijä bagyşlanýar. Önümçilik bary-ýogy 50 nusga bilen çäklenýär, olary döretmäge bolsa Manufaktur bölümçesi jogap berýär.

Awtomobil iki reňkli boýagy: zeýtun reňkli üsti we obsidian-gara reňkli aşagy bilen tapawutlanýar. Olaryň arasyndan inçe metal zolak geçýär. Boýag üçin on gün diýen ýaly wagt sarp edilýär. Iki M harply Maybach nyşanyna 24 karat altyndan ýasalan medalýon goşuldy. Tigirler eksklýuziw zeýtun reňkde ýerine ýetirildi.
Salon goňur nappa derisi we hoz agajy bilen bezeldi. Agaç bölekleri rulda hem ulanyldy. Merkezi konsolda anyk nusganyň belgisi goýuldy, potolok romb görnüşli nagyş, yzky konsol bolsa bir hepdeläp taýýarlanýan altyn haşam bilen bezeldi.
Topluma aksessuarlar hem girýär: kümüş çaýylan haşamly fužer, bagaž ýeri üçin halyça, açar we brelok üçin guty.
Kapotyň aşagynda 612 at güýjüni we 900 Nm aýlanma güýjüni berýän alty litrlik V12 hereketlendirijisi oturdyldy. Ol 2,4 tonna agramly sedanyň 4,5 sekuntda tizligini 100 km/sag çenli artdyrmagyna mümkinçilik berýär, iň ýokary tizlik 250 km/sag bilen çäklenýär. Hereketlendiriji dokuz basgançakly “awtomat” we doly herekete getiriji bilen işleýär.


düýn 12:20
2.9k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....