Mikroskopik dünýäniň hereketi: Nikon Small World in Motion 2025 bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • 28.09.2025 21:02
  • 3.2k+

Nikon-nyň «Kiçi dünýä hereketde» (Small World in Motion) halkara ylmy wideo bäsleşiginiň eminler topary ýeňijileri yglan etdi. Şu ýyl bäsleşik 15-nji gezek geçirildi. Bu ýylky bäsleşige 34 ýurtdan 325 wideo iberildi.

Ýeňijiler:

1-nji orunVeronika timýan ýapraklynyň (Veronica serpyllifolia) öz-özi tozanlanmagy
© Jeý Maklellan (Jay McClellan) / Nikon Microscope Solutions

2-nji orun50 ýenalyk teňňäniň ýüzündäki suwuň damjasynda ýüzýän ýaşyl suwotular
© Benedikt Pleýer (Benedikt Pleyer) / Nikon Microscope Solutions

3-nji orunSyçanlaryň kelle beýnisindäki çiş öýjüklerinde aktiniň hereketi
© Erik Witriol (Dr. Eric Vitriol) / Nikon Microscope Solutions

4-nji orunSuwotularyň koloniýasynyň üstünde ýöreýän tardigrada
© Penni Fenton (Penny Fenton) / Nikon Microscope Solutions

5-nji orunTäze doglan deňiz kirpisi
© Alwaro Migotto (Dr. Alvaro Migotto) / Nikon Microscope Solutions


02.02.2026 11:03
4.9k+

Suratçylar jemgyýeti ýylyň iň gowy fotosuratlaryny we ussatlaryny yglan etdi

1988-nji ýylda esaslandyrylan Halkara fotosuratçylar jemgyýeti (The Society of Photographers) «Ýylyň suratçysy — 2025» bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Emin agzalary hödürlenen müňlerçe işiň arasyndan iň ussatlaryny saýlap, dürli kategoriýalar boýunça ýeňijileriň we finalçylaryň sanawyny köpçülige ýetirdiler...

01.02.2026 22:49
6.4k+

Puma we tilkijikler TPOTY-2025 fotobäsleşiginiň baş baýraklaryny aldylar

“Ýylyň syýahatçy suratçysy” (Travel Photographer of the Year — TPOTY) halkara bäsleşiginiň guramaçylary "Ýabany haýwanlar, tebigat we suwasty dünýä" kategoriýasynda öňe saýlanan işleri yglan etdiler. Bäsleşigiň netijelerine görä, tebigatyň iň täsirli pursatlaryny surata düşüren şu suratçylar ýeňiji boldular: Esasy baýraklar: Iň gowy aýratyn surat: Guanako awlaýan puma — Kewin Ýu Şi (Kevin Yu Shi)...

30.01.2026 11:16
4.5k+

Uçýan gurbaga, bir gözli ýolbars... ​"Capturing Ecology" halkara bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Britaniýanyň ekologiýa jemgyýeti her ýyl geçirilýän "Capturing Ecology" (Ekologiýany surata düşürmek) atly fotosuratlaryň bäsleşiginiň ýeňijilerini mälim etdi. Bäsleşige dünýäniň dürli künjeklerinden ekologlar we fotosuratçylar gatnaşdylar...

27.01.2026 14:54
3.4k+

Ocean Art 2025 suwasty foto bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi

The Underwater Photography Guide neşiri her ýyl geçirilýän 14-nji "Ocean Art" suwasty foto bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Emin agzalary makro suratçylykdan başlap, suwasty sanly sungata çenli dürli ugurlar boýunça iň gowy eserleri saýladylar...