FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň üç tumaryny görkezdi

  • 28.09.2025 10:53
  • 7.1k+

FIFA 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň üç resmi tumaryny hödürledi. Ýaryşyň nyşanlary ak kelleli bürgüt Klatç, los Meýpl we ýaguar Zaýu boldy. Olar çempionaty kabul etjek üç ýurdy – ABŞ-ny, Kanadany we Meksikany görkezýär.

Her personaž öz ýurdunyň medeniýeti bilen baglanyşykly. Meýpl Kanada boýunça syýahat edip, adamlary birleşdirýär we olary ýurduň medeniýeti bilen tanyşdyrýar. Zaýu Meksikanyň jeňňellerinden geldi we meksikan halkynyň hyjuwyny we däp-dessurlaryny alamatlandyrýar. Klatç ABŞ-nyň asmanynda gaýyp, optimizmi we dürli medeniýetlere açyklygy görkezýär.
Tumarlaryň hatda futbol orunlary hem bar: Meýpl – derwezeban, Zaýu – hüjümçi, Klatç bolsa meýdançanyň merkezindäki pleýmeýker.

“Bu personažlar dünýä çempionatynyň özi ýaly şatlyk, güýç we agzybirlik ruhy bilen gurşalan” – diýip, FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino belledi.

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty taryhda iň ulusy bolar – ilkinji gezek oňa 48 ýygyndy gatnaşar, oýunlaryň sany bolsa 104-e çenli köpeler. Ýaryş 11-nji iýunda Mehikoda açylar, final oýny 19-njy iýulda Nýu-Jerside bolar. Dünýä çempionatynyň taryhynda ilkinji gezek aýgytly oýnuň arakesmesinde tomaşaçylara şüweleň garaşýar. 


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......