Google personal kompýuterler üçin Android wersiýasynyň üstünde işleýär

  • 26.09.2025 20:02
  • 1.2k+

Google kompaniýasy Android-i şahsy kompýuterlere geçirmegiň üstünde işleýändigini tassyklady. Bu barada Snapdragon Summit-iň açylyşynda yglan edildi. Qualcomm-yň ýolbaşçysy Kriştianu Amon we Google-yň enjamlar we hyzmatlar boýunça uly wise-prezidenti Rik Osterlo bilelikdäki taslama barada gürrüň berdi.

Osterlo ozal PK we smartfonlar üçin dürli ulgamlaryň ulanylandygyny, ýöne häzir kompaniýalaryň bir umumy tehnologiki binýady döredýändigini belledi.

“Biz olary birleşdirmek boýunça taslamany işe girizdik. Bilelikde biz PK-da we stol kompýuterlerinde önümlerimiz üçin umumy tehnologiki binýady döredýäris. Bu EA-nyň üstündäki umumy işimizi, Gemini modelini, kömekçini, ähli programmalarymyzy we işläp düzüjiler jemgyýetini PK gurşawyna geçirmegiň ýene bir usulydyr. Meniň pikirimçe, Android üçin bu islendik enjamlar üçin ählumumy ulgama öwrülmäge mümkinçilik” – diýip, Osterlo aýtdy.

Geçen ýyl Google eýýäm Chrome OS bilen Android-i birleşdirmek meýilnamalary barada aýdypdy. Kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň bu barada aç-açan we köpçülikleýin aýtmagy taslamanyň ösüşinde uly öňegidişligiň bardygyny aňladyp biler. 


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

05.05.2026 15:24
993

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....