Türkmenistanly hünärmenler Italiýada energiýa seýilgähleriniň dörediliş tejribesini öwrendiler

  • 27.09.2025 20:39
  • 8.6k+

22–24-nji sentýabr aralygynda türkmenistanly hünärmenler Italiýada bolup, tehnologik energiýa seýilgähleriniň dörediliş tejribesini öwrendiler. Sapar ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guraldy.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyň wekilleri Ýewropa Komissiýasynyň Bilelikdäki gözleg merkeziniň hem-de Milan Politehniki uniwersitetiniň alymlary bilen duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklarda energiýa seýilgähleriniň işiniň guramaçylyk, hukuk we tehnologik aýratynlyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Turin şäherindäki Parco Scientifico Tecnologico per l'Ambiente (Ekologik ylmy-tehnologik seýilgäh) sapara gatnaşyjylaryň ünsüni aýratyn özüne çekdi. Bu seýilgäh 1990-njy ýyllaryň ahyrynda öňki senagat ýerleriniň binýadynda döredilip, häzirki wagtda gaýtadan dikeldilýän energiýa, innowasiýalar we ekologiýa durnuklylygy boýunça 600-den gowrak hünärmeni birleşdirýär. Ol köne senagat zolaklarynyň häzirki zaman ylmy-barlag merkezlerine üstünlikli öwrülişiniň nusgasy hasaplanýar.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň hünärmeni Oliwer Žurowas-Kuzman bu saparyň Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Ol saparyň ýurtda täze kabul edilen «Energiýany tygşytlamak we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak hakyndaky» Kanun bilen aýratyn baglanyşyklydygyny belledi.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......