Täze audio ulgam arkaly maşynda öň we yz hatar oturgyçlarda dürli aýdymlary diňläp bolar

  • 28.09.2025 20:47
  • 6.8k+

Hytaýyň Huawei tehnoägirdi geljekki Maextro S800 flagman sedany üçin üýtgeşik akustika ulgamyny hödürledi. Ol öň we yzky hatarlardaky ýolagçylara bir wagtyň özünde biri-birine päsgel bermezden dürli aýdym diňlemäge mümkinçilik berýär.

Bu 43 dinamikden ybarat toplumyň we kompaniýa tarapyndan “4D” diýlip atlandyrylýan giňişlikdäki ses funksiýasynyň kömegi bilen mümkindir. Huawei bu taslamanyň üstünde JAC awtoöndürijisi bilen bilelikde işläp, bu hyzmatdaşlykda elektronika we programma üpjünçiligine jogap berýär.
Ulgam umumy kuwwaty 2920 Wt bolan iki güýçlendiriji tarapyndan dolandyrylýar. Salonda 43 dinamik bolup, olardan 10-usy potolokda ýerleşýär. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, öňdäki we yzky ýolagçylar üçin ses meýdany 99% izolirlenen bolup, bu 30 dB ses izolýasiýasyna deňdir. Şeýlelikde, dürli hatarlardaky adamlar nauşniksiz we salony fiziki bölmesiz dürli kontenti diňläp bilýär.
Ulgama aýdym-saz bilen utgaşyp, salonyň atmosfera yşyklandyryşyny sazlaýan reňkli saz hem goşuldy.


15.02.2026 09:14
3.1k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...

16.01.2026 08:10
3.9k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.4k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...