Deni Wilnýow 2026-njy ýylda täze “Jeýms Bondy” gözläp başlar

  • 28.09.2025 10:45
  • 2.5k+

Kanadaly režissýor Deni Wilnýow indiki ýyl çykjak “Dýunanyň” üçünji bölüminiň üstündäki işleri tamamlandan soň, Jeýms Bonduň keşbi üçin täze aktýor gözläp başlar. Deadline-yň maglumatlaryna görä, döredijiler täze hekaýatda içalynyň keşbi üçin “täze ýüz” gözleýär.

Dalaşgäre bildirilýän esasy talap, personažy döreden Ýan Flemingiň isleýşi ýaly, asly britaniýaly bolmagydyr. Bu Timoti Şalame, Ostin Batler ýa-da Jeýkob Elordi ýaly aktýorlary sanawdan aýyrýar. Iň gowy dalaşgär – Flemingiň suratlandyryşy ýaly, 007 agentini “hünärmen ganhor” we “aşa ýürekgysgynç adam” hökmünde görkezip biljek 30 ýaş töweregindäki o diýen belli bolmadyk aktýordyr. Bu Tom Hardi (47 ýaş), Idris Elba (53 ýaş) we Genri Kawill (42 ýaş) ýaly meşhur britaniýaly aktýorlaryň hem taslama gatnaşmak mümkinçiligini aradan aýyrýar.
Geljekki film üçin ssenarini “Kesgir gaşlary” (Острые козырьки) döreden Stiwen Naýt ýazar. Ol 007 agentiniň hakyky obrazyny gaýtadan döretmek üçin Flemingiň irki romanlaryna daýanmagy meýilleşdirýär.
Filmiň önümçiligi 2027-nji ýylda başlar, premýera 2028-nji ýylda bolar. Habar çeşmeleri täze filmiň aýratyn garaşsyz hekaýat boljakdygyny we “Ölmegiň wagty däl” (Не время умирать) filminiň wakalary bilen baglanyşykly bolmajakdygyny habar berýär.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....