Toyota Corolla Cross 2026 täze dizaýn we täze reňkler bilen satuwa çykdy

  • 27.09.2025 20:06
  • 6.7k+

Toyota täzelenen Corolla Cross 2026 krossoweriniň satuwyna başlady. Model ykjamlygy, häzirki zaman dizaýny we giň tehnologiýalar toplumyny özünde jemleýär.

Ulagyň önümçiligi ABŞ-nyň Alabama ştatyndaky Hantswil zawodynda ýola goýuldy, ilkinji awtoulaglar eýýäm Amerikanyň dilerlerine gelip başlady. Bahalar benzinli wersiýasy üçin 24 635 dollar, gibrid wersiýasy üçin bolsa 28 995 dollardan başlanýar.
Daşky görnüşinde üýtgeşmelerden - gibridlerde korpus bilen bir reňkde edilen öň radiator gözenegi peýda boldy. Benzinli wersiýa has güýçli we haýbatly görnüşe eýe boldy. Hemme komplektasiýalarda LED gündizki çyralary oturdyldy. Reňk palitrasyna täze Cavalry Blue goşuldy. Gibrid SE we XSE üçin gara kontrastly üçek, XSE üçin bolsa 18 dýuým gara parlak diskler elýeterli.
Salon we tehnologiýalar
Merkezi konsol täzeden işlenip düzülipdir, zat saklamak üçin ýerleri köpelipdir. Beýlekilerden tapawutlylykda, täze simsiz zarýad ulgamy arkaly iki enjamy aýratyn zarýadlap bilýär. XLE komplektasiýasy täze Portobello içki bezegi bilen hödürlenýär. Täzeçillikleriň arasynda — 10,5 dýuýmlyk Toyota Audio Multimedia ekrany we 12,3 dýuýma çenli sanly enjamlar paneli bar. Ähli tekerleri hereketli wersiýalarda oturgyçlaryň we ruluň gyzdyryjy ulgamy standart ýagdaýda hödürlenýär.
Dwigateller we ulgamlar
Benzinli L, LE we XLE wersiýalary öňki ýa-da dolulygyna hereketlendiriş bilen hödürlenýär. Gibrid S, SE we XSE wersiýalary Electronic On-Demand AWD ulgamy bilen enjamlaşdyrylan.


şu gün 21:15
447

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....