HBO Max «Ol: Derrä hoş geldiňiz» serialynyň elhenç treýlerini hödürledi

  • 26.09.2025 21:09
  • 3.1k+

HBO Max-yň YouTube kanalynda Stiwen Kingiň romany esasynda surata düşürilen gorkuly franşizasynyň prikwel seriýasy — «Ol: Derrä hoş geldiňiz» atly serialyň treýleri çykdy. Onuň ilkinji görkezilişi platformada 26-njy oktýabrda bolar.

Serialdaky wakalar «Başarsyzlaryň kluby» hakyndaky hekaýadan 27 ýyl öň — 1962-nji ýylda bolup geçýär. Baş gahrymanlar — deň-duşlarynyň ýitirim bolmagy bilen ýüzbe-ýüz bolan ýetginjekler topary. Olaryň derňewi garaňky Derri şäheriniň syrlarynyň açylmagyna we elhenç masgarabaz Penniwaýzyň peýda bolmagyna alyp barýar.
Birinji seriýanyň ssenarisini Jeýson Faç ýazdy. «Ol» we «Ol-2» filmleriniň režissýory Endi Muskietti birnäçe bölümde, şol sanda ilkinji bölümde režissýorlyk etdi.
Penniwaýzyň roluna öň bu keşbi gaýtalamakdan boýun towlan Bill Skarsgard dolandy. Serialda şeýle hem Ýowan Adepo, Teýlur Peýj, Kris Çok we Jeýms Remar çykyş edýärler.
Taslama üç möwsüme niýetlenendir. Ikinji möwsümde 1930-njy ýyllaryň wakalary görkeziler, üçünjide bolsa XX asyryň başlary. Dowamy ilkinji möwsümiň üstünliklerine bagly bolar.
«Ol» we «Ol-2» filmleri dünýäde umumylykda 1,7 mlrd dollardan gowrak girdeji toplapdy.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....