NASA 2026-njy ýylda Aýyň daşyndan adamly uçuşy meýilleşdirýär

  • 27.09.2025 19:40
  • 2.7k+

NASA 2026-njy ýylyň 5-nji fewralynda «Artemida» maksatnamasynyň çäginde ekipažly Aý uçuşyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Eger bu senä çenli ýetişilmese, iň soňky sene hökmünde aprel aýy görkezilýär diýip, Reuters habar berýär.

«Artemida» — amerikan Aý gözleg maksatnamasy bolup, onuň maksady 1972-nji ýyldaky «Apollon-17» missiýasynyň üstünliklerini gaýtalamak we Ýeriň tebigy hemrasy bilen adamyň gatnaşygyny dikeltmekdir. Maksatnama üç tapgyrdan ybarat:

  • Artemis I — pilotsyz Aý uçuşy (2022-nji ýylda üstünlikli ýerine ýetirildi),
  • Artemis II — ekipažly Aý uçuşy,
  • Artemis III — 2027-nji ýylyň ortalarynda Aýyň günorta polýusynda astronawtlaryň gonmagy.

Artemis I-iň çäginde «Orion» kosmos gämisi 2022-nji ýylyň awgustynda Aýa ugradyldy, onuň daşyndan aýlanyp, noýabrda Ýuwaş ummanynda gonupdy. Indi Artemis II synag tapgyrynyň wagty geldi.
NASA-nyň bellemegine görä, bu missiýanyň doly üstünlikli hasap edilmegi üçin Aýy aýlanyp çykmak, ekipažy sag-aman Ýere dolap getirmek we olaryň garşylanylmagy zerurdyr. «Orion» gämisi Aýyň orbitasyna girmez, diňe erkin aýlanyp çykyp, onuň üstüne 9260 km-den ýakynlaşmaz. Bu ätiýaçlyk çäreleri ekipažyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin görülýär, sebäbi Artemis II esasan synag uçuşydyr.
Artemis II we Artemis III uçuşlarynyň seneleri öň hem birnäçe gezek Orion gämisiniň ýaşaýyş üpjünçilik we ýylylyk goragy ulgamyndaky kemçilikler sebäpli yza süýşürilipdi.


17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....