Magnum täze görnüşli doňdurmany emeli aňyň kömegi bilen döreder

  • 26.09.2025 21:15
  • 6.2k+

Unilever kompaniýasynyň toparyna girýän we noýabrda birža çykmagy meýilleşdirýän Magnum doňdurma öndürijisi Çiliniň NotCo atly startapynyň emeli aňyny ulanmak meýilnamasyny yglan etdi. Täze tehnologiýa reseptleri üýtgetmäge we täze önümleri döretmäge kömek eder.

Magnum-yň gözleg, işläp düzüjilik we innowasiýalar boýunça direktory Zbignew Lewitskiniň aýtmagyna görä, emeli aň kaloriýany seljerer, ösümlik esasynda önümler hataryny döreder we çig malyň bahalarynyň ýokarlanmagyna garşy kömek eder.

«Häzirki zaman sarp edijisi özüni begendirmek isleýär, emma şol bir wagtda kiçi bölekleri we ekologiýa taýdan arassa önümleri gözleýär» diýip, ol Reuters agentligine beren interwýusynda aýtdy.

NotCo-nyň baş direktory Matias Muçnikiň bellemegine görä, Magnum diňe startap bilen hyzmatdaşlyk edýän azyk öndürijileriniň ondan biridir. Onuň aýtmagyna görä, emeli aňa bolan islegiň ýokarlanmagy tagamlaryň üýtgemegi, sagdyn iýmitlenmä bolan gyzyklanma we kakao ýaly düzüm bölekleriniň gymmatlamagy bilen baglydyr. NotCo-nyň ulgamlary sintetiki boýaglara alternatiwa tapmaga, şekeri azaltmaga we Dubaý şokolady ýaly täze tagamlary döretmäge mümkinçilik berýär.
Mundan ozal kompaniýa Kraft Heinz bilen hyzmatdaşlykda meşhur önümleriň ösümlik esasynda analoglaryny — makaron bilen peýnir, peýnir dilimleri we hatda maýonez ýaly önümleri döretdi.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......