Dubaýda bir çaşka kofe 680 dollara satylyp, Ginnesiň rekordy goýuldy

  • 26.09.2025 19:46
  • 7.9k+

Dubaýda Ginnesiň täze rekordy goýuldy: Roasters Specialty Coffee House kofehanasy bir çaşka kofeni 2500 dirhama (takmynan, $680) satdy. Bu barada Rekordlar kitabynda habar berilýär.

Rekord goýan kofe V60 süzgüjini ulanmak bilen purower usuly arkaly elde taýýarlandy. Içgi üçin bütin dünýäde bilermenler tarapyndan ýokary baha berilýän Panamadan seýrek Hacienda La Esmeralda Geisha däneleri saýlandy. Kofehanada kofeni alyjynyň ady aýan edilmedi.
Geisha görnüşi özüniň näzik tagamy bilen bellidir: onda jasminiň ysy we şänikli miweleriň tagam öwüşginleri duýulýar. Bu kofe kolleksionerleriň we hünärmen degustatorlaryň arasynda örän gymmatlydyr. Şeýle däne üçin baha rekord derejä ýetip bilýär.


Bu kofe görnüşiniň taryhy 1936-njy ýylda Efiopiýada başlady. Britan koloniýasynyň kapitany Riçard Uolli Ben-Maji sebitindäki Geýşa dagynyň golaýyndan ýabany kofeniň tohumlaryny ýygnady. Soňra olar genetiki banklar we gözleg stansiýalary arkaly Kosta-Rika, ondan soň Hacienda La Esmeralda plantasiýasyna gelip düşdi.
Ilkibaşda ol kömelek kesellerine durnuklylygy üçin gymmatly hasaplanýardy. Ýöne haçan-da Geisha agaçlary ýokary beýiklikde – deňiz derejesinden 1650 metr beýiklikde oturdylanda, bu görnüşiň özboluşly tagamy ýüze çykdy. Bu hem Geisha kofesine iň gymmat kofe görnüşleriniň biri hökmünde dünýä meşhurlygyna tarap ýol açdy. 


19.06.2026 08:15
2k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....