Ummanyň düýbünde: Ocean Photographer of the Year 2025 bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi

  • 26.09.2025 20:42
  • 12k+

“2025-nji ýylyň umman suratçysy” (Ocean Photographer of the Year 2025) bäsleşiginiň emin agzalary ýeňijileri yglan etdiler we baş baýragy gowşurdylar.

Indoneziýaly suratçy we guwwas Ýuriý Iwanow (merjeniň üstünde oturan iki sany amfipodyň ajaýyp keşbi üçin) absolýut ýeňiji boldy. Iň oňat suraty düşürmek üçin suratçy 19 metr çuňluga birnäçe gezek çümmeli boldy.
Suratlaryň köpüsi adamlar bilen ummanyň arasyndaky täsirleşmä, tebigaty gorap saklamaklyga we deňiz dünýäsini çeper kabul etmeklige bagyşlanýar.
Kategoriýalar boýunça ýeňijiler:

Absolýut ýeňiji: Amfipodlar / © Ýuriý Iwanow (Yury Ivanov)

Adam we umman: deňiz kenaryna zyňlan küýki läheňiň halas edilişi, 15 sagatlyk iş netije bermedi / © Kreýg Parri (Craig Parry)

Umyt: Tailandyň Aquaria Phuket-inde gaplaň akulalarynyň köpeldilişi / © Sirçaý Arunrugstiçaý (Sirachai Arunrugstichai)

Portfolio: lamantiniň ýüzüşi / © Metýu Salliwan (Matthew Sullivan)

Daşky gurşawy goramak: adamyň täsiri: Farer adalarynda enesiniň jesediniň ýanynda ýatan uzyn ýüzgüçli grindanyň (gara delfin)  jansyz çagasy / © Hýugo Bret (Hugo Bret)

Ýabany tebigat: ene pigmeý öküzçe balyk liçinkalaryny suwa goýberýär / © Takumi Oýama (Takumi Oyama)

Başdan geçirme: Portugaliýanyň Nazare şäherine ýagyşly gün / © Ben Tuard (Ben Thouard)

Sungat: zolakly kiçi kit / © Mariýa Reýderer (Maria Reiderer)

Ýaş suratçy: bobteýl kalmarlar jübüti / © Aaron Sanders (Aaron Sanders)


19.06.2026 19:36
5.2k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

11.06.2026 14:24
5.9k+

Täjigistandan Ýaponiýa çenli: «World Food Photography Awards 2026» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

​«World Food Photography Awards 2026» halkara bäsleşiginiň guramaçylary tagam we iýmit mowzugyna bagyşlanan iň gowy fotosuratlary mälim etdiler. Bäsleşigiň baş baýragyny Täjigistandaky sowet döwründen galan......

28.05.2026 17:17
5.3k+

Ýaltajygyň ýoly we haýran galýan geçigaplaň: National Geographic-den ýabany tebigatyň täze suratlary

National Geographic haýwanlaryň durmuşyna we ekoulgamlary gorap saklamak meselelerine bagyşlanan ýabany tebigatyň täze fotosuratlaryny hödürledi....