PlayStation 5 Sony-nyň taryhynda iň köp girdeji getiren pristawka boldy

  • 28.09.2025 10:51
  • 2.9k+

Sony kompaniýasy PlayStation 5-iň kompaniýanyň taryhynda maliýe taýdan iň üstünlikli oýun pristawkasy bolandygyny habar berdi. Umumy satuw möçberi 136 mlrd ABŞ dollaryna barabar bolup, bu PS4 ýaly öňki modelleriň görkezijilerinden ep-esli ýokarydyr.

Tokyo Game Show 2025 sergisinde Sony Interactive Entertainment kompaniýasynyň baş direkotory Hideo Nisino şu ýylyň birinji ýarymyna çenli PS5-iň dünýädäki üpjünçiliginiň 80,3 mln birlige ýetendigini, şeýle-de pristawka üçin oýun ýygyndysynyň giňelmegini dowam etdirýändigini habar berdi.
Bellenilişi ýaly, PS5-iň 136 mlrd dollar girdejisi 107 mlrd dollar girdeji getiren PS4-den ep-esli ýokarydyr. Deňeşdirmek üçin: PS3 – 71 mlrd dollar, PS2 – 44 mlrd dollar, hakyky PS bolsa – 24 mlrd dollar getirdi.
Nisino Sony-nyň adaty konsol modeline ygrarly bolup galýandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, bulut oýunlaryna gyzyklanmanyň artýandygyna garamazdan, PlayStation-yň esasy strategiýasy konsoly we onuň üçin oýunlary ösdürmäge gönükdiriler.


11.06.2026 23:54
1.7k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

08.06.2026 16:23
2k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......

27.05.2026 15:37
1.5k+

Sony Pictures-i anime taslamalary halas etdi

Sony Pictures Entertainment 2026-njy ýylyň 31-nji martynda tamamlanan maliýe ýyly boýunça hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşyna görä, bölümiň girdejisi geçen ýylky derejesinde galyp, 9,92 milliard dollar boldy......

07.05.2026 11:00
1.5k+

Sony Tarantinonyň Jango bilen Zorronyň duşuşygy hakyndaky komiksini ekranlaşdyrýar

Sony Pictures kinostudiýasy «Azat edilen Jango» («Джанго освобожденный») we «Zorronyň nykaby» («Маска Зорро») filmleriniň gahrymanlarynyň resmi krossoweri boljak «Jango/Zorro» atly filmiň üstünde işläp başlady....