Ýakynda önümçilikden aýryljak Volkswagen T-Roc Ýewropada iň köp satylan model boldy

  • 26.09.2025 20:26
  • 5.7k+

2025-nji ýylyň awgust aýynyň jemlerine görä, Ýewropada iň köp satylan awtoulag Volkswagen T-Roc boldy. ÝB ýurtlarynda bu modeliň satuwy 14% ýokarlandy, munuň özi onuň bu ýyl ilkinji gezek satuw reýtinginde birinji orna çykmagyna mümkinçilik berdi. Bu barada «Avtostat» habar berýär.

Tomsuň soňky aýynda ýewropaly müşderiler bu modeliň 14 693 sanysyny satyn aldylar. T-Roc-a bolan islegiň artmagyna onuň täze nesliniň sargytlaryna başlanylmagy täsir etdi. Täze model indi diňe gibrid görnüşde çykarylýar
Ikinji orny öňki lider — Dacia Sandero eýeledi. Onuň satuwy 11% peselip, 13 834 sany boldy. Üçünji orny bolsa Toyota Yaris Cross eýeledi. Bu modeliň satuwy 12,2 müň bolup, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 8% peseldi.
Ilkinji bäşlige şeýle hem VW Tiguan (12 094 sany, 23% ösüş) we oňa örän ýakyn netije bilen Renault Clio (12 091 sany, 1% peseliş) girdi.
Awgust aýynda täze awtoulaglaryň satuwy Britaniýada we Italiýada pese gaçdy, emma Germaniýada, Fransiýada we Ispaniýada ösüş hasaba alyndy.


04.06.2026 14:32
3.1k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....

14.05.2026 11:11
4.6k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

06.05.2026 08:17
1.8k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......